Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkdaky hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän özbek raýaty saklanansoň Tramp immigrantlaryň “berk” barlanmagyny tabşyrdy


Hüjümi amala aşyrmak üçin ulanylan ýük furgon ulagy.
Hüjümi amala aşyrmak üçin ulanylan ýük furgon ulagy.

31-nji oktýabrda Nýu-Ýorkda amala aşyrlan “terror hüjüminde” güman edilýän özbek raýaty polisiýa tarapyndan tussag edilensoň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp immigrantlaryň has berk seljerilmegini tabşyrdy.

Şeýle ganly hüjüm 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan bäri Nýu-Ýorkda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Şeýle-de, soňky döwürlede Ýewropada edilýän ulagly hüjümler Birleşen Ştatlarda ilkinji gezek amala aşyrylýar

“Men ýaňyja Içeri işler gulluklarymyza Berk Barlag Programmasyny güýçlendirmegi tabşyrdym. Syýasy taýdan dogry hereket etmek oňat, ýöne beýle ýagdaýda däl” diýip, Tramp özüniň Twitter hasabynda ýazdy. Ondan ozal Tramp Twitterde hüjümiň “bir syrkaw telbe” tarapyndan amala aşyrylandygyny jar edipdi.

Nýu-Ýork polisiýasynyň habar bermegine görä, güman edilýän öňki “Twin Towers” we “Bütindünýä söwda merkeziniň” binalarynyň ýerleşen ýerinde tigir ýodasyndaky tigirli we pyýada ötegçileri öldürmek üçin ýük furgon ulagyny kireýine alyp ulanypdyr. Güman edilýän adamy polisiýa gulluklary wakanyň bolan ýerinde ýaralap tussag astyna alypdyrlar.

Nýu-Ýorkuň mekdep awtobusyna hüjüm edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Dürli media maglumatlarynda polisiýadaky çeşmelere salgylanylyp, güman edilýäniň 29 ýaşly öbek raýaty Saýfulla Habibullaýewiç Saipowdygy, onuň Birleşen Ştatlara 2010-njy ýylda ýaşamaga gelendigi habar berildi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä Saipow kireýine alan ulagy bilen pyýadalary ýenjip, mekdep awtobusyna baryp uransoň köçelerde “guduzlan ýaly” “Allahu akbar” ýa-da “Hudaý beýikdir” diýip bagyryp çabrapdyr.

Häkimiýetler Saipowyň “ýalňyz möjek” hüjümine çalym edýän gyrgynçylygy amala aşyrmakda ýeke-täk güman edilýän adamdygyny aýdýarlar. Media habarlarynda aýdylmagyna görä, derňewçiler Saipowyň ulagda taşlap giden ‘hüjümi “Yslam döwleti” (‘YD’) ekstremist toparynyň adyndan ýerine ýetirendigini’ öňe sürýän hatyny tapypdyrlar.

Şäheriň häkimi Bill de Blasio heläkçilikli hüjümiň yzýany geçiren metbugat ýygnagynda “Bu hüjüm terror hüjümidir. Bu hüjüm bigünä raýatlara, özlerine nämäniň gelip urjagyndan bihabar ýöräp barýan ýönekeý adamlara edilen züwwetdin gorkaklaryň terror hüjümidir” diýdi.

Saýfulla Saipow
Saýfulla Saipow

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan özbegistanly immigrant Mirrahman Muminow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Saipowy tanaýandygyny, onuň 2013-nji ýylda Florida göçüp gelmezinden ozal Ohaýonyň Akron etrabynda ýaşandygyny we köp ýyllardan bäri ýük ulagy sürüjisi bolup işländigini aýtdy.

Muminow Saipowyň aýalynyň, iki çagasynyň bardygyny we onuň daşkentlidigini gürrüň berdi. Ol güman edilýäni “birhili gaharjaň” diýip suratlandyrdy, ýöne onuň Florida göçmezinden ozal o diýen dindar bolmandygyny aýtdy.

Muminow Saipowyň internet arkaly radikllaşan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Şonda-da, Muminow hiç kimiň Saipow terror hüjümini amala aşyrmaga “ukyplydyr” diýip pikir etmändigini gürrüň berdi. Ol özüniň “şok” bolandygyny we “onuň aňynda haýsy arwahyň jyrtlandygyny” göz öňüne-de getirip bilmändigini aýtdy.

Uber ýaýradan beýanatynda Saipowyň hüjümden ozal sürüji bolup işländigini mälim etdi. Bu kompaniýa “biderek zorlugyň özüni elheder edendigini” we Saipowa Uber tilsimini ulanmagy gadagan edendigini habar berdi.

Saipowyň geçen ýyl Missuride köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, saklanandygy habar berilýär.

Nýu-Ýorkdaky hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän tussag edilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:33 0:00

Birleşen Ştatlaryň Içeki howpsuzlyk departamentiniň, ýagny Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Manhattanda bolan hadysany “aç-açan terror hüjümi” diýip häsiýetlendirdi.

Häkimiýetler hüjümde wepat bolan sekiz adamyň arasynda bäş argentinaly we bir belgiýalynyň bardygyny aýdýarlar.

Tiz-kömek gulluklarynyň maglumatynda hüjümde 12-den köp adamyň ýaralanandygy, olardan 11-niň ýagdaýynyň agyr däldigi aýdylýar.

Polisiýanyň maglumatynda güman edilýäniň hüjümde Nýu Jersi Içerki ulag ambaryndan kireý alan ýük furgonyny ulanandygy aýdylýar. Ol ýük ulagy urduransoň elinde ýasama ýarag diýilýänler bilen görkezilýär.

NBCNewYork.com saýtynda goýlan wideoda Saipow köçede ýük ulagyny urduransoň elinde ‘peýntbol’ ýaragy we “BB” sapançaly, ýagny howa ýaragy bilen görkezilýär.

Häkimiýetler polisiýa gullukçylarynyň Saipowy wakanyň bolan ýerinde atyp ýaralandygyny, tussag astyna alandygyny we ony Nýu-Ýorkuň “Bellevue” hassahanasyna äkidendigini aýdýarlar. Ol ýerde güman edilýäniň agyr bolmadyk garyn ýarasy bejeriler.

Nýu-Ýorkuň häkimi Andrýu Kuomo wakany “ýalňyz möjek” hüjümi häsiýetlendirdi we munuň “has giň göwrümli hüjümiň bir bölegidigini” görkezýän subutnamalaryň ýokdugyny aýtdy.

Kuomo Nýu-Ýorkuň aeroportlarynda, köprülerinde, tunellerinde we köpçülikleýin tranzit ulgamlarynda howpsuzlygy pugtalandyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de ol “azatlygyň we demokratiýanyň” hormatyna Bütindünýä söwda merkeziniň depesindäki çyralaryň gyzyl, ak we gök reňklerde ýakylmagyna görkezme berdi.

Ýewropadaky birmeňzeş hüjümler

Şuňa meňzeş ulagly hüjümler geçen ýyl Ýewropada onlarça pyýada ötegçiniň ölümine getiripdi.

2016-njy ýylyň iýul aýynda bir adam Fransiýanyň Nisse şäherinde Bastille gününi belleýän mähelläniň üstüne agyr ýük ulagy sürüp 86 adamyň ölümine ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD topary öz üstüne alypdy.

Şondan bäş aý soňra YD-a wepalylyk kasamyny içen tunisiýaly bosgun Berlinde “Roždestwo” baýramçylygy üçin guralan bazardaky mähelläniň üstüne ýük ulagyny sürüp 12 adamy öldüripdi we 48 adamy ýaralapdy.

Şu ýylyň aprel aýynda bosgunlyk arzasy ret edilen bir özbegistanly Stokgolmuň merkezindäki adamly köçeleriň birindäki söwda merkezini süsüp üç adamy öldüripdi. Bu hüjümi ýurduň premýer-ministri terror hüjümi atlandyrypdy.

17-nji awgustda bir sürüji Barselonanyň merkezinde köpçüligiň üstüne ýük ulagyny sürüp, 13 adamy öldüripdi. Şonda häkimiýetler bu hüjümi yslam jeňçiliginde güman edilýäniň amala aşyrandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG