Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň senatorlary Facebook we beýleki sosial ulgamlaryny tankyt etdiler


(Çepden saga) Facebook sosial ulgamynyň baş ýuristi Kolin Stretç, Twitteriň ýerine ýetiriji baş ýuristi Sean Edgett we Googlyň kanun goraýjy we informasiýa howpsuzlygy boýunça müdiri Riçard Salgado Senatyň Ýustisiýa komitetinde geçirilen diňlenişikde, Waşington, 31-nji oktýabr, 2017.

ABŞ-nyň senatorlary Facebook we beýleki sosial medialary ABŞ-nyň geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda öz ulgamlaryny Orsýetiň agentlerinden goramaga ukypsyzlygyny ýazgaryp, olaryň üstünden düşdüler.

“Näme üçin Faceboogyň gelip, bize problemanyň möçberine göz ýetirmäge kömek bermegi üçin 11 aý gerek boldy?” diýip, Demokratik partiýasyndan senator Kris Koons 31-nji oktýabrda Senatyň Ýustisiýa komitetinde Facebook, Twitter, we Google ulgamlarynyň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen diňlenişikde aýtdy.

Koons Facebook sosiala ulgamynyň diňlenişigiň önýanynda çap eden maglumatyna salgylandy.

Facebook ulgamynyň çap eden maglumatynda Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky syýasy pikire täsir ýetirmek synanyşygy bilen baglylykda 2015-nji we 2017-nji ýyllaryň aralygynda çap eden 80 müň çemesi maglumatynyň ABŞ-nyň ses bermäge hakly ilatynyň ýarysy çemesi tarapyndan görlen bolmagynyň ähtimaldygy aýdyldy.

“Olar biziň öz sosial ulgamlarymyzy, biziň dostlugymyzy, maşgalalarymyzy, gyzyklanmalarymyzy we garaýyşlarymyzy özümize garşy ulanýarlar” diýip, Demokratik partiýasynda ýene bir senator Şeldon Whitehouse aýtdy.

Facebook sosial ulgamynyň baş ýuristi Kolin Stretç kopmaniýanyň hyýanatçylygy has ir anyklamandygyny we şeýle ýagdaýyň öňüni almak boýunça has köp çäre görmelidigini boýun aldy.

XS
SM
MD
LG