Owganystanyň demirgazygynda ýangyç tankeriniň partladylmagy netijesinde azyndan sekiz adam öldi, başga-da 20-si ýaralandy.
Ýerli resmiler partlamanyň Parwan welaýatynyň paýtagty Çarikar şäherinde, Kabuldan 60 km uzaklykda bolandygyny mälim etdiler.
“Bomba tankere ýerleşdirilipdir. Partlamanyň netijesinde tutaşan ot golaýdan geçip barýan ýolagçy awtobusa hem zeper ýetirdi” diýip, welaýatyň polisiýa başlygy maglumat berdi.
Bu aralykda, Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň polisiýa başlygynyň orunbasary janyndan geçen bir söweşijiniň etrabyň polisiýa başlygyna hüjüm edendigini, netijede bir adamyň ölendigini mälim etdi. Hüjümde polisiýa başlygy we başga-da dokuz adam ýaralandy.
Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!