Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýipowa terrorizm aýyplamalary bildirildi; Tramp ölüm jezasyna çagyrdy


Hüjümi amala aşyrmak üçin ulanylan ýük furgon ulagy.
Hüjümi amala aşyrmak üçin ulanylan ýük furgon ulagy.

ABŞ-da prokurorlar Nýu-Ýorkda ýük furgon ulagy bilen sekiz adamy öldürmekde gümän edilýän özbek migrantyna terrorizm aýyplamalaryny bildirip, onuň “Yslam döwleti” ekstremistik toparyndan ruhlanandygyny aýtdylar.

Saýfullo Saýipow atylandan soň ýerleşdirilen keselhanasynda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň baýdagynyň ýerleşdirilmegini sorapdylar. Şeýle-de ol “özüniň eden işinden hoşaldygyny” aýdypdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saýipowyň “ölüm jezasyna mynasypdygyny” aýdyp, Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG