Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa özüne garşy sanksiýalary girizen Kanada jogap berjegini aýtdy


Kanadanyň parlamenti, Ottawa, 2-nji oktýabr, 2017.
Kanadanyň parlamenti, Ottawa, 2-nji oktýabr, 2017.

Moskwa özüne garşy sanksiýalary girizen Kanada jogap berjegini aýtdy. Kanada 2009-njy ýylda türmede ýogalan we Kreml tarapyndan döredilen bökdençlikler sebäpli henize çenli ölüminiň sebäpleri anyklanmadyk orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglylykda 30 çemesi orsýetlä garşy sanksiýalary we çäklendirmeleri yglan etdi.

Kanadanyň 3-nji noýabrda çap eden sanawynyň mazmuny ABŞ-nyň 2012-nji ýylda düzen Magnitskiý akty atly dokumente gabat gelýär. Oňa laýyklykda Sergeý Magnitskiniň ölümine we ýurist tarapyndan üstüni açylan galplyk shemalarynda eli bolan adamlary jezalandyrmak göz öňünde tutulýar.

Sanawa Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin, şeýle-de ýurduň Içeri işler ministrliginiň we Salgyt gullugynyň ençeme resmisi girýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda çap edilen beýanatda metbugat-wekili Mariýa Zaharowa Moskwanyň Kanada jogaby hökmünde “kanadaly birnäçe şahsýetiň” Orsýete barmagyna gadagançylyk girizmek hakynda “karara gelnendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG