Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýorkda hüjüm etmekde aýyplanýan Saipowyň uýasy onuň “beýnisi ýuwuldy” diýýär


Saýfullo Saipow
Saýfullo Saipow

Nýu Ýorkda bolan hüjümiň sebäpkäri bolmakda güman edilýän Saýfullo Saipowyň uýasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen Özbegistandan söhbetdeş bolup, 29 ýaşly agasynyň “beýnisi ýuwuldy” diýip maşgalanyň hasap edýändigini aýtdy we oňa “wagtyň” berilmegini hem “adalatly suduň” edilmegini sorap, Birleşen Ştatlara ýüzlendi.

27 ýaşly Umida Saipowa 31-nji oktýabrda Nýu Ýorkda bolan hüjümde heläk bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. Saipow ýük ulagyny tigir sürülýän ýoda ugrukdyryp sekiz adamyň ölümine we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäpkär bolmakda aýyplanýar.

“Meniň ejem onuň ýanyna ABŞ iki gezek baryp gaýdanda radikallaşmanyň hiç hili alamatyny görmändigini aýdýar” diýip Umida Saipowa aýtdy. Onuň sözlerine görä, ejesi 50 ýaşly Mukaddas Saipowa öz ogluny görmek üçin soňky gezek şu ýylyň başynda Birleşen Ştatlara baryp gaýdypdyr.

Saipow ýük ulagyny terk edip, gaçmaga synanyşanda polisiýa tarapyndan oka tutulyp, ele salnypdy. Häkimiýetler onuň ýük ulagynda “Yslam döwleti” atly radikal yslam toparyna goldaw bildirýän maglumatlaryň tapylandygyny aýdýarlar. Şaýatlar onuň ulagyny adamlaryň üstüne sürende “Allahu akbar” diýip gygyrandygyny aýdýarlar.

Bu hüjüm Nýu Ýorkda 2001-nji ýylda dünýä söwda merkezine edilen we 2600-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan hüjümlerden bäri iň köp pidaly terrorçylyk akty hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG