Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaş musulmanlaryň gezelenje etjek harajaty '100 milliard dollara ýeter'


Turist zenan. Illýustrasiýa suraty
Turist zenan. Illýustrasiýa suraty

"Bu turizm pudagynda talabalaýyk üns berilmeýän bir ýagdaýdyr. Ilatynyň aglaba köplügi musulman bolan ýurtlaryň orta gatlagy ulalýar we olar gezelenje has köp pul sowýarlar. Olar dynç alyş we gezelenç üçin edilen harajatlar".

Muny Atlantada ýerleşýän " Phocuswright Inc" barlag firmasynyň turizm bilermeni Douglas Quinby aýdýar.

"Mastercard" bilen "HalalTrip" internet sahypasynyň bilelikde taýýarlan hasabatynda, 18-36 ýaş arasyndaky musulman turistleriň dynç alyşa we gezelenje süýşürýän puly ýokarlanyp, 2025-nji ýylda 100 milliard dollara barabar bolar. Ýagny bu san öten ýylkydan iki esse köp bolar.

Hasabat barasynda makala ýazan "Bloomberg" neşiri musulman turistleriň isleglerini göz öňünde tutjak ýurtlaryň turizmden has köp girdeji gazanjakdygyny belleýär.

Häzirki döwürde musulman turistleriň esasy ýykgyn edýän ýurtlary Malaýziýa we Indoneziýadyr.

Ol ýurtlaryň ilatynyň aglaba köpçüligi musulmanlar.

Emma Ýaponiýa, Taýland, Awstraliýa ýaly musulman bolmaýan ýurtlar hem musulman turistleriň arasynda diýseň ýörgünli.

Meselem, Ýaponiýanyň Okaýama sebitinde musulmanlar üçin halal naharlar taýýarlanypdyr. Mundan daşaryn, ol ýerdäki myhmanhanalar hem musulman turistleriň isleglerini göz öňünde tutmaga başlapdyr.

Ýerli biznes işgärleri geljekdäki planlarda göz öňünde tutuljak ugurlar üçin ýörite metjitlere gatnap, yslam dini we musulman ýurtlaryň medeniýeti hakda, has köp maglumat almaga dalaş edýärler.

Günorta Koreýada bolsa "Halal iýmit" festiwaly gurnalýar. Bu hytaýly turistleriň sanynyň azalmagy sebäpli Demirgazyk Koreýa bilen bäsleşmek üçin ädilen bir ädimdir.

2020-nji ýyla çenli musulman syýahatçylaryň sanynyň 156 milliona ýetmegine garaşylýar. 2060-njy ýyla çenli dünýädäki musulmanlaryň sanynyň 3 milliarda barabar boljagy bellenýär. Diýmek, bu 2015-nji ýyldakydan ýüzden 70 göterim köp bolar.

Soňky ýyllarda Azerbaýjana barýan musulman turistleriň sany hem güýçli depginde ýokarlanypdyr.

XS
SM
MD
LG