Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Yslam döwletiniň' Kabulyň hususy telekanalyna eden hüjümi tamamlandy


Kabuldaky hüjümiň yz ýany, NATO-nyň esgerleri “Shamshad TV” telekanalynyň öňüne barýarlar. 7-nji noýabr, 2017 ý.
Kabuldaky hüjümiň yz ýany, NATO-nyň esgerleri “Shamshad TV” telekanalynyň öňüne barýarlar. 7-nji noýabr, 2017 ý.

Owganystanyň “Shamshad TV” telekanalynyň resmileri Kabuldaky hususy tele-merkeze edilen hüjümiň tamamlanandygyny we gepleşikleriň gaýtadan dikeldilendigini aýtdylar.

Agzalýan telekanal Owganystanyň ýörite güýçleriniň komandirine salgylanyp, tele-merkeziň içindäki ähli işgärleriň halas edilendigini mälim etdi. Wakada ejir çekenleriň sany barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

“Yslam döwleti” topary öz websaýtynda çap eden maglumatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. “Talyban” topary hem, özleriniň bu hüjüm bilen ilteşiginiň ýokdugy barada dessine beýanat ýaýratdy.

Habarçylar puştun dilinde gepleşikleri taýýarlaýan “Shamshad TV” telekanalynyň esasy girelgesinde bolan partlamanyň yz ýany, azyndan üç hüjümçiniň telekanalyň içine girendigini aýtdylar. Telekanalyň girelgesindäki partlamada howpsuzlyk garawulynyň ölendigi habar berildi.

Tele-merkeziň içinde ok atyşyklary eşitse bolýardy diýip, polisiýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

Geçen ýyl “Talyban” toparynyň amala aşyran bomba hüjüminde Owganystanyň iň uly hususy telekanaly “Tolonyň” ýedi işgäri öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG