Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Bize kembaha garamaň’ Tramp Demirgazyk Koreýa duýduryş edýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Seul, 8-nji noýabr, 2017
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Seul, 8-nji noýabr, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny ABŞ-nyň niýetini synamazlyga çagyrdy we dünýäniň “ýadro betbagtçylygy bilen haýbat atýan ýakymsyz režime çydam edip bilmejegini” duýdurdy.

Günorta Koreýanyň parlamentinde 8-nji noýabrda eden çykyşynda Tramp Phenýanyň döredýän ýadro programmasy “sizi howpsuz etmeýär, olar sizi uly howp astyna salýar” diýdi.

“Bize kembaha garamaň we bizi synamaň” diýip Tramp Demirgazyk Koreýa aýtdy.

Kim Jong Unyň režimine garşy eden çykyşynda Tramp Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalaryny döretmegini bes edip, “ýadro ýaragyndan doly el çeken ýagdaýynda” ýurt üçin “has gowy geljege ýol görkezmegi” wada berdi.

Şol günüň özünde ýaramaz howa Trampyň iki Koreýanyň arasyny bölýän Harby bolmadyk zona (DMZ) sapar etmegine päsgelçilik döretdi. Tramp Aziýa amala aşyraýn saparyny dowam etdirip, Hytaýa bardy.

XS
SM
MD
LG