Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet BMG-niň Siriýa boýunça derňewiniň ygtyýarlygyny uzaltmakdan ýüz öwürdi


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wladimir Safronkow, Nýu Ýork, 7-nji aprel, 2017
Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wladimir Safronkow, Nýu Ýork, 7-nji aprel, 2017

Orsýet BMG-niň derňew komitetiniň Siriýanyň hökümetini zarin gazynyň ulanylmagyndaky hüjümde aýyplaýan hasabatyny ret etdi we derňew üçin indiki hepdede möhleti dolýan ygtyýarnamasynyň uzaldylmagyna öz razylygyny berjegine şübhe bildirdi.

Orsýet BMG-niň we Ýadro ýaragyny gadagan etmek boýunça guramanyň Bilelikdäki derňew mehanizmine gaýtadan seretmek hakynda ABŞ-nyň 24-nji oktýabrda öňe süren teklibine gadagançylyk girizdi. Şondan bäri Orsýet missiýanyň işini gaýtadan gözden geçirip, ýene alty aýlyk uzaltmagy teklip etdi.

“Düýpli üýtgetmeler bolmazdan, bu Siriýanyň häkimiýetleri bilen hasaplaşmak üçin gural bolup durýar” diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wladimir Safronkow aýtdy.

ABŞ we onuň ýaranlary hasabaty goldadylar we BMG-niň derňeýji missiýasynyň möhletiniň uzaldylmagyna çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG