Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň žurnalistlerine Kiýewiň Žulýany aeroportunda hüjüm edildi


Wiktor Medwedçuk
Wiktor Medwedçuk

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň we Ukrainanyň Birinji telekanalynyň bilelikdäki proýektiniň žurnalistleri Kiýewiň Žulýany aeroportunda ýüzi nikaply adamlar tarapyndan hüjüme sezewar bolandygyny aýtdylar. Habarçylar aeroporta Kiýewe barýan “Wybor Ukrainy” atly orsýetçi guramanyň lideri Wiktor Medwedçuk barada maglumatyň üstünde işläpdi.

AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň “Shemy” proýektiniň habarçysy Myhaylo Tkaç 7-nji noýabrda agşam ýüzi nikaply adamlaryň žurnalistlere hüjüm edip, olaryň syýasatçynyň gelmegini wideo düşürmegine päsgel berendigini Facebook ulgamy arkaly mälim etdi.

“Olar öz tirsekleri bilen bizi ýençdiler, iterdiler, büdredip, kameraçymyzyň kamerasyny iki gezek elinden kakyp aldylar” diýip, Tkaç ýazdy.

Žurnalist hüjüm eden ýüzi nikaply adamlaryň, Žulyany aeroportunda Medwedçuk bilen işleşýän janpenalar bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.

AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň “Shemy” proýektiniň baş redaktory Natalia Sedletska Medwedçugyň janpenalarynyň žurnalistler toparynyň işine birnäçe hepde bäri päsgel berip gelýändigini aýtdy.

Medwedçuk Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn şahsy gatnaşykdaky ukrain syýasatçysydyr.

Habar berilýän hüjüm barada Medwedçukdan we ukrain häkimiýetlerinden dessine kommentariý bolmady.

XS
SM
MD
LG