Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Saud Arabystanynyň Eýran babatyndaky haýbatlary netijesiz diýdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Saud Arabystanyna Eýran babatynda edilýän haýbatlaryň iki regional bäsdeşiň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirmekden başga netije bermegini duýdurdy.

“Siz Yslam Respublikasynyň kuwwatyny we ornuny bilýärsiňiz” diýip, Rohani 8-nji noýabrda Tähranda hökümet maslahatynda Saud Arabystany barada sözlän sözünde aýtdy.

Esasan şaýy musulman ilatly Eýran we sünnileriň köpçüligindäki Saud Arabystany regionda dowam edýän ençeme konfliktde, şol sanda Siriýada we Ýemende gapma-garşy taraplary tutýarlar.

Şeýle-de, Rohani regionyň bütewüligine çagyrdy we Eýranyň “parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk we öňegidişlik” isleýändigini aýtdy. Saud Arabystany ABŞ we Ysraýyla dost hökmünde seredip, Eýrany duşman hasaplamagy bilen “strategiki ýalňyşlyk” goýberdi diýip, Rohani aýtdy. Rohani Birleşen Ştatlary we Ysraýyly öz bähbitlerini yzarlap, regionda dawa döretmekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG