Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň Owganystanda goşunyny artdyrmak kararyna garaşylýar


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO-nyň goranmak ministrleriniň geçirýän duşuşyklarynyň ikinji gününde, ýagny 9-njy noýabrda Owganystanyň hökümetiniň “Talybana” garşy göreşine ýardam bermek maksady bilen guramanyň bu ýurtdaky goşunynyň sanyny 13 müňden 16 müňe çykarmak barada karar kabul etmegine garaşylýar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg duşuşygyň öňýany eden çykyşynda, täze goşunlaryň söweş roluna eýe bolmajakdygyny, emma olaryň NATO-nyň Aýgytly ýardam atly “türgenleşdiriji, geňeşiji we goldawçy” missiýasynyň düzümine girjekdigini, şeýle-de olaryň takmynan ýarysynyň Birleşen Ştatlardan barjakdygyny mälim etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp awgust aýynda täze owgan strategiýasyny yglan etdi. Sentýabr aýynda goranmak sekretary Jim Mattis 3 müňden gowrak goşmaça harbynyň Owganystanda ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

“Birleşen Ştatlar bireýýäm has köp goşun ýerleşdirdi, şol sanda beýleki ýaranlarymyz hem-de hyzmatdaşlarymyz owgan güýçleri halkara terrorçylara garşy göreşip biler ýaly goşmaça ýardam bermegi dowam edip, uzak möhletli syýasy çözgüde ýol açýarlar” diýip, Stoltenberg aýtdy.

Ýolbaşçylary Owganystana sümen “Al Kaýdanyň” jeňçileri Birleşen Ştatlarda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda terror hüjümini amala aşyransoň, “Talybanyň” ekstremistlerini hökümet başyndan agdarmak üçin, ABŞ-nyň baştutanlygynda, Owganystana güýç bilen girilipdi.

ABŞ, NATO we beýleki partnýorlar häzirki wagtda Owganystanda 100 müňden gowrak harby saklaýarlar, emma NATO-nyň 2014-nji ýylda harby operasiýalaryny togtatmagyndan soň, “Talyban” öz hüjümlerini ýaýbaňlandyrdy. “Yslam Döwleti” (YD) ekstremist topary hem öz hüjümlerini ýygjamlaşdyryp başlady.

Duşuşyklaryň 8-nji noýabrda geçirilen ilkinji tapgyrynda, ýaranlygyň goranmak ministrleri Orsýetden abanýan howpa garşy çykmak üçin, iki sany täze harby ştaby esaslandyrmagy makulladylar. Agzalýan merkezler Atlantikde we Ýewropada ýaranlygyň goşunlarynyň hereket mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Ministrleriň birinji güni geçiren duşuşyklaryndan soňra Brýusselde çykyş eden Stoltenberg täze harby merkezler barada käbir jikme-jiklikleri agzap, bu barada harby serkerdeleriň “giňişleýin maglumat” berjekdigini we olaryň 2018-nji ýylyň fewral aýynda ýaranlygyň goranmak ministrleriniň dykgatyna ýetiriljekdigini mälim etdi.

29 agzaly ýaranlyk Sowuk urşuň tamamlanmagyndan soňra ilkinji gezek öz harby düzümini giňeldýär. Sowuk urşy döwründe 33 harby merkezde 22 müň harby iş alyp barýardy. Şondan bäri harby düzüm azaldylyp, merkezleriň sany 7-ä düşürildi we harbylaryň sany 7 müňe ýetirilipdi.

Soňky ýyllarda Orsýetiň Ukrainadaky harby hereketleri Moskwanyň NATO-nyň düzümine girýän, hususan-da, ozalky sowet respublikalary bilen bagly niýeti dogrusynda aladalary artdyrdy.

Orsýet 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny basyp aldy we seperatistlere arka çykdy. Seperatistleriň gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Kiýewe garşy alyp barýan urşunda 10 müňden gowrak adam wepat boldy.

Soňky aýlarda Orsýetiň we NATO-nyň harby uçarlarydyr gämileriniň potensial howp döretjek ýagdaýlarda biri-birlerine ýakyn aralaşmaklary dartgynlygy güýçlendirip, hyzmatdaşlygyň Moskwany howada we deňizde agressiw manýowrlara baş goşmakda aýyplamagyna getirdi.

Moskwanyň bu hereketlerinden soňra NATO gündogarda öz goragyny güýçlendirip, köp milletli goşunlardan düzülen, takmynan 4 müň 500 harbysyny Baltik döwletlerinde we Polşada ýerleşdirdi.

“Göz öňünde tutulýan täze dörediljek harby ştab merkezleriniň birine Demirgazyk Amerika bilen Ýewropanyň arasyndaky “deňiz aragatnaşygynyň azatlygyny we howpsuzlygyny” üpjün etmek tabşyrylar” diýip, Stoltenberg aýtdy.

“Beýleki merkez “Ýewropanyň çägindäki harby güýçleriň hereketini kämilleşdirer” we NATO-nyň çägindäki logistik funksiýalary güýçlendirer.

Trans-atlantik ýaranlygymyz üçin bu örän wajyp” diýip, Stoltenberg habarçylara aýtdy.

“NATO-nyň täze harby ştabynyň kabul edilmegi biziň ýaranlarymyzyň çalt we täsirli hereket mümkinçiliklerini has-da güýçlendirer” diýip, Stoltenberg sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol islendik täze düzümiň döwletleriň çäklerinde goşunlaryň we enjamlaryň transportyny ýeňilleşdirýän kanunçylygy doly berjaý etmelidigini aýtdy.

Şeýle-de, baş sekretar ýeterlik transport mümkinçilikleriniň elýeterliligine kepil geçmek üçin, hususy pudak bilen bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtady.

“Biz infrastrukturany, ýagny ýollary, köprüleri, demirýollaryny, geçelgeleri we portlary kämilleşdirmeli. NATO indi raýat infrastrukturasy üçin harby talaplary täzeden seljerýär” diýip, Stoltenberg belledi.

Diplomatlar täze harby ştab merkezleriň nirelerde ýerleşdiriljekdigi barada kararyň kabul edilmändigini aýdýarlar. Germaniýa özüniň Merkezi Ýewropadaky ornuna esaslanyp, agzalýan logistik bazanyň öz çäginde ýerleşdirilmegine isleg bildirip çykyş etdi.

Şeýle-de diplomatlar, Atlantik deňiz harby ştabynyň Portugaliýada, Ispaniýada, Fransiýada ýa-da Birleşen Ştatlarda döredilmeginiň mümkindigini aýtdylar.

NATO-nyň goranmak ministrleriniň täze Kiberoperasiýa merkezlerini döretmek barada hem ylalaşyga barandyklary aýdylýar. Bu merkezler kiber goragy güýçlendirmek we kiber mümkinçilikleriň NATO-nyň ähli derejelerdäki planlaryna hem-de operasiýalaryna birikdirilmegine ýardam bermek üçin döredilýär.

Global kiber hüjümler şu ýyl köpmilletli firmalaryň, portlaryň we jemgyýetçilik hyzmatlaryň işine päsgelçilik döredensoň, Kiberopersiýa merkezlerini döretmek barada karar kabul edildi.

“Biz edil gury ýerde, howada we deňizde täsirli bolşumyz ýaly, kiber giňişlikde-de güýçli bolmaly we howpuň häsiýetine wagtynda düşünip, oňa nirede we nähili jogap gaýtarjagymyza oňat göz ýetirmeli” diýip, Stoltenberg aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG