Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hasyl toýuny toýlaýar


Galla baýramy, 2013 ý.
Galla baýramy, 2013 ý.

Adat bolşy ýaly, Türkmenistanda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, baýramyň çäginde Aşgabat atçylyk sport toplumynda oba hojalyk önümleriniň sergisi, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, sport ýaryşlary, milli oýunlar, sungat ussatlarynyň konsertleri, at çapyşyklary guraldy.

Hasyl baýramy welaýatlarda hem bellenilýär we has tapawutlanan daýhanlara prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli gutlag çap edip, daýhanlar üçin ähli iş şertiniň döredilýändigi, olara döwlet tarapyndan köp ýeňillik berilýändigi barada ozal hem köp aýdan sözlerini gaýtalady.

Emma tankytçylar Türkmenistanyň oba hojalygynda sowet dolandyryş usulynyň we mejbury zähmetiň saklanyp galandygyny, şu sebäpden ýerden alynýan hasylyň derejesiniň pesdigini we içerki bazarlaryň esasan daşary ýurt önümlerine garaşlydygyny, ýerli daýhanlaryň maşgala eklemek üçin ýeterlik gazanç edip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG