Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmisi ‘ýolbaşçylyk bilen bir ýere sygmaýan etmişi üçin’ işden boşadyldy


Türkmen žurnalistlerine ilkinji gezek prezident Berdimuhamedowa sorag bermek mümkinçiligi döredildi. Arhiw suraty
Türkmen žurnalistlerine ilkinji gezek prezident Berdimuhamedowa sorag bermek mümkinçiligi döredildi. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy noýabrda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Ahmet Annamuhammedowy wezipesinden boşatdy.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, ol “işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin” wezipesinden çetleşdirildi.

Neşir bu aýdylýan ‘kemçilikler’ we ‘etmiş’ barada hiç bir anyklaşdyrma bermeýär.

Ahmet Annamuhammedow ministriň orunbasary wezipesi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary -Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden hem boşadyldy.

Prezident Berdimuhamedow 10-njy noýabrda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi. Şeýle-de olara “işde goýberen kemçiliklerini gysga wagtda düzetmek üçin” soňky duýduryş berildi.

XS
SM
MD
LG