Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran-Yrak serhedindäki ýeryranmada 400 adam öldi


Ýeryranmada gyzyny ýitiren bir ene. Eýran. 13-nji noýabr, 2017 ý.
Ýeryranmada gyzyny ýitiren bir ene. Eýran. 13-nji noýabr, 2017 ý.

Eýranyň resmileri Eýran-Yrak serhediniň golaýynda ýeryranma bolup, azyndan 400 adamyň ölendigini, 2500-den agdyk adamyň hem ýaralanandygyny aýdýarlar.

Eýranyň içeri işler ministrliginiň 13-nji noýabrda bildirmegine görä, has agyr heläkçilige uçran region Kermanşah welaýaty. Ýerli ýaşaýjylar 7.3 magnitud güýjündäki sarsgynyň täsiriniň Türkiýeden tä Kuweýte çenli bolan tutuş regionda duýlandygny aýdýarlar.

Yragyň resmileri sarsgyn zerarly azyndan ýedi adamyň ölendigini we 320-den agdyk adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili brigadir-general Saad Maan heläkçilikleriň ählisiniň demirgazyk kürt regionynda bolandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň geologik barlaglar edarasy sarsgynyň merkeziniň Yragyň demirgazyk-gündogaryndaky Halabja şäheriniň 32 kilometrlik günorta-günbatarynda 33.9 kilometr çuňlukda bolandygyny aýdýar.

Tähran uniwersitetiniň seýsmologiýa merkezniň bildirmegine görä, sarsgyn 12-nji noýabrda ýerli wagt bilen agşam sagat 9:48-de turupdyr.

Eýranyň habar gullugy IRNA resmilere salgylanyp, çekilen ýitgileriň mundan has ýokary bolmagynyň mümkindigini aýdyp duýduryş berdi.

Eýranyň Kermanşah welaýatynyň häkiminiň edarasy halas ediş toparlarynyň daňdan işe başlandygyny aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, has agyr ýitgä uçran şäherleriň biri Yrak serhediniň takmynan 15 kilometrliginde ýerleşýän we onlarça adamyň heläklenen ýeri bolan Sarpol-e Zahab şäheri.

Resmileriň bellemegine görä, agyr weýrançylyga uçran ýene bir şäher Gasre Şirin. Bu ýerde halas ediş toparlary elektrik togunyň kesilmegi netijesinde, işleriniň haýal gidýändigini aýdýarlar.

Welaýatyň häkiminiň orunbasary Mojtaba Nikkerdar telewideniýede eden çykyşynda, azyndan 30 obada ölen adamlaryň bardygyny, ýöne olaryň sanyny anyklamak üçin entek wagt gerekdigini aýtdy.

“Kesekleriň aşagynda şindi-de adamlar ýatyr. Biz ölenleriň we ýaralananlaryň sany köp bolmasyn diýip umyt edýäris, ýöne artar” diýip, Nikkerdar aýtdy.

Habar gullugy IRNA Kermanşah welaýatynyň käbir ýerlerinde suw we elektrik togunyň kesilendigini habar berdi.

Eýranyň ýarym resmi habar gullugy ILNA hem sarsgynyň azyndan 14 welaýata öz täsirini ýetirendigini aýdýar.

“Sarsgyn Eýranyň Yrak bilen serhetdeş bolan birnäçe welaýatynda duýuldy ... 8 oba zyýan ýetdi ... käbir obalarda elektrik togy kesildi, bu ýerlere halas ediş toparlary iberildi” diýip, döwlet telekanaly habar berdi.

Döwlet mediasynyň aýtmagyna görä, Eýranyň ýokary lideri Aýatollah Ali Hameneýi hökümet gulluklaryny we halas ediş toparlaryny ýitgä uçranlara elden gelen kömegi etmäge çagyrypdyr.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani-da Içeri işler ministrligini pida çekenlere mümkin kömekleri bermäge çagyrdy.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadiniň edarasy onuň ýurduň raýat goranyş toparlaryna we beýleki “degişli guramalara” tebigy betbagtçylyga reaksiýa görkezmegi tabşyrypdyr.

Yragyň habar gulluklary Kürdüstan regionynyň Suleýmaniýe şäheriniň töwereklerinde ýumrulan jaýlaryň suratlaryny görkezdiler. Olar Darbandihan şäherinde azyndan 50 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Sarsgyn Eýranyň paýtagty Tähranda we Yragyň paýtagty Bagdatda-da duýuldy.

Türkiýäniň günorta-günbatar regionlarynyň, Ysraýylyň we Kuweýtiň ýaşaýjylary-da sarsgyny duýandyklaryny aýdýarlar.

Esasy seýsmiki liniýalarda ýerleşýän Eýran ozal-da weýrançylykly sarsgynlara duçar boldy. 2003-nji ýylda 6.6 magnitud güýjünde bolan sarsgyn taryhy şäher Bamy dargadyp, 26 müň adam öldi.

XS
SM
MD
LG