Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH: Hökümetler sosial media arkaly gurýan pirimlerini güýçlendirýär


Freedom House guramasynyň hasabatyna görä, 2017-nji ýylda 30 döwletde hökümetler onlaýn maglumatlary garalamak üçin manipulýasiýanyň ol ýa-da beýleki görnüşini işi girizdiler.
Freedom House guramasynyň hasabatyna görä, 2017-nji ýylda 30 döwletde hökümetler onlaýn maglumatlary garalamak üçin manipulýasiýanyň ol ýa-da beýleki görnüşini işi girizdiler.

Ýerýüzünde hökümetler maglumatlary sosial medianyň üsti bilen manipulýasiýa etmek synanyşyklaryny artdyrmak arkaly demokratiýa kembaha garap, umumy internet azatlygynyň pese gaçmagyna ýol açýar diýip, Freedom House belleýär.

Agzalýan hukuk goraýjy gurama özüniň 14-nji noýabrda ýaýradan “Freedom on the Net 2017” atly internet azatlygyny seljerýän ýyllyk hasabatynda geçen ýylyň dowamynda azyndan 18 ýurtda geçirilen saýlawlarda, şol sanda Orsýetiň Birleşen Ştatlaryň saýlaw prosesine täsirinde onlaýn gurlan pirimleriň we ýalan maglumat taktikalarynyň “wajyp rol” oýnandygyny aýdýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, onlaýn azatlygyna seredilen 65 ýurduň internet ulanyjylarynyň diňe dörtden bir bölegine “azat” internet elýeterli, ýagny şol ýurtlarda internet elýeterliligine o diýen päsgelçilik döredilmeýär, websaýtlaryň mazmunyna muşakgatly çäklendirme girizilmeýär, başyna goýberilen internet gözegçiligi arkaly ýa-da legitim söze adalatsyz çemeleşik arkaly ulanyjylaryň hukuklary düýpli bozulmaýar.

“Hytaý bilen Orsýet hökümet propagandalaryny ýaýmak üçin tölegli kommentçileri ýa-da syýasy botlary ulanmakda başy çekýärdi, ýöne indi bu ýagdaý bütin dünýä ýaýrap başlady” diýip, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Freedom House guramasynyň prezidenti Maýkl J. Abramowitz çap edilen 44 sahypalyk hasabat bilen bile ýaýradan beýanatynda nygtaýar.

“Çalt ýaýraýan bu usullaryň demokratiýa we raýat aktiwizmine ýetirýän täsiri örän ýaramaz bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Internet azatlygy seljerilen 65 ýurduň arasynda Hytaýyň ýagdaýy iň ýaramaz bolup, ondan soň Efiopiýa we Siriýa gelýär.

Freedom House Eýranda we Özbegistanda internet azatlygynyň oňatlyga tarap ösýändigini, ýöne şonda-da bu ýurtlaryň degişlilikde iň ýaramaz dördünji we altynjy orunlary eýeleýändiklerini aýdýar.

Internet azatlygy iň ýaramaz 15-nji ýurt bolan Orsýetde “döwlet propagandasy bilen media girizilýän kanuny çäklendirmeleriň arasyndaky ikiýüzli arabaglanyşyk” sebäpli bu ýurtda ýagdaýlar has pese gaçýar, şol bir wagtyň özünde ýaramazlykda 18-nji orny eýelän Belarus internetde göni ýaýlymda ýaýradylýan şekilleriň halk köpçüligine ýetirilmeginiň öňüni almak üçin mobil aragatnaşyga päsgelçilik döredýär.

Indi hökümetler dürli pikirliligi basyp ýatyrmak üçin we anti-demokratik matlaplaryny giňeltmek üçin sosial mediany ulanyp başladylar diýip, “Freedom on the Net” proýektiniň direktory Sanja Kelli aýtdy.

“Gurulýan pirimleri anyklamak diňe bir kyn däl, eýsem bulara garşy göreşmek senzuranyň beýleki görnüşlerine, mysal üçin websaýtlaryň petiklenmegine garşy göreşmekden has agyr, çünki internet arkaly gurulýän pirimler muňa gatnaşýan adamlaryň we botlaryň sanynyň köpdügi sebäpli has giň ýaýraýar. Sosial media arkaly hökümetiň alyp barýan syýasatyny goldaýan ýaly bolup görünýän ýasama halk köpçüliginiň toslanyp tapylmagy gysyr (gury) aýlawly petle döredýär, şeýlelikde aslynda režimler öz-özlerini makullap çykyş edýärler we garaşsyz toparlary hem-de adaty raýatlary sygdyrmaýarlar” diýip, Kelli belledi.

Hökümetler esasan öz halklarynyň sesini nyşana alanda bolsa, hasabatda aýdylmagyna görä, Orsýetiň Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen saýlawlara täsir ediş kampaniýasy pirimleriň serhetaşyr täsirine esasy mysal bolup durýar.

Bu aralykda, hasabatda aýdylmagyna görä, Orsýetiň agentleri Kremliň argumentlerini götergileýän toslama çykyşlar bilen sosial media “çozansoň” ukrain häkimiýetleri düýbi Orsýetde ýerleşýän internet hyzmatlaryny, şol sanda ýurtda giňden ulanylýan sosial sahypalary we gözleg motorlaryny petikläpdir.

“Jemi 30 döwletde hökümetler onlaýn maglumatlary garalamak üçin manipulýasiýanyň ol ýa-da beýleki görnüşini işi girizdiler” diýip, hasabatda aýdylýar.

“Liderler özleriniň meşhurlygyny çişirip, öz-özlerini makullamak üçin tölegli kommentçileri, trollary, botlary, ýalan habar sahypalaryny, propaganda şahamçalaryny we şuňa meňzeş beýleki usullary ulandylar” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Internet azatlygy boýunça iň ýokary bahalara Izlandiýa, Estoniýa we Kanada mynasyp boldy. Bu ugurda Birleşen Ştatlar 5-nji orny eýeledi.

Prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda we saýlawlardan soňra dörän toslama habarlar, şeýle-de žurnalistleriň “agresiw trollanylmagy” Birleşen Ştatlaryň bahasyna oňaýsyz täsir ýetirdi, ýogsam bu ýurtda internet azatlygynyň ýagdaýy umuman kadaly, diýlip hasabatda bellenýär.

XS
SM
MD
LG