Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Tussagy zorlamakda aýyplanan öňki türme sakçysyna iş kesildi


Natalýa Slekişina (s) we onuň aklawçysy Aiman Umarowa (ç) žurnalistleriň soraglaryna jogap berýärler, Almaty, 30-njy sentýabr, 2016
Natalýa Slekişina (s) we onuň aklawçysy Aiman Umarowa (ç) žurnalistleriň soraglaryna jogap berýärler, Almaty, 30-njy sentýabr, 2016

Gazagystanyň sudy tussagy zorlamakda aýyplanan öňki türme sakçysyny bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Almatynyň Turksib etrap sudunyň 15-nji noýabrda çykaran kararyna görä, Ermek Omarbekow öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyldy we şol günüň özünde tussag astyna alyndy.

Zorlugyň pidasy öňki tussag Natalýa Slekişina “meni zorlanlaryň ählisiniň sud edilen ýagdaýynda men doly kanagatlanardym” diýip, suduň kararynyň yglan edilmeginiň yzýany žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Türmede çagaly bolan Slekişina Almatynyň tussag merkeziniň birnäçe sakçylaryny suda berdi we olary özüni toparlap zorlamakda aýyplady.

2016-njy ýylda türmäniň öňki sakçysy Ruslan Hakimow Natalýa Slekişinany zorlamakda aýyplanyp, 9 ýyl türmä höküm edildi.

DNK genetik barlagy Hakimowyň Slekişinanyň gyzynyň kakasydygyny görkezdi. Beýleki sakçylar şonda işe diňe şaýat hökmünde gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG