Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň resmileri uçar heläkçiliginde diňe dört ýaşly gyzyň aman galandygyny aýdýarlar


Habarowsk howa liniýalarynyň heläkçilige uçran L-410 kysymly uçary, Nelkan, 15-nji noýabr, 2017.
Habarowsk howa liniýalarynyň heläkçilige uçran L-410 kysymly uçary, Nelkan, 15-nji noýabr, 2017.

Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň Uzak Gündogarynda bolan uçar heläkçiliginde diňe dört ýaşly gyzyň aman galandygyny aýtdylar.

Habarowsk regionynyň administrasiýasy uçarda bolan ýene alty adamyň, ýagny dört ýolagçynyň we iki pilotyň 15-nji noýabrda bolan heläkçilikde wepat bolandygyny aýtdylar.

Gyz çaga ýeten zeper onuň janyna howp salmaýar, diýip resmiler habar berdiler.

Regional gubernator Wýaçeslaw Şport çaganyň ene-atasynyň uçarda bolmandygyny, çaganyň mugallymy bilen bilelikde öz babasynyň we mamasynyň ýanyna gidendigini aýtdy.

Resmiler uçaryň regionyň paýtagty Habarowskdan 1000 kilometr uzaklykda ýerleşýän Nelkan şäheriniň golaýyndaky kiçijik aeroportda gonmaga synanyşanda heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Uçar heläkçiliginiň sebäpleri derňelýär.

XS
SM
MD
LG