Sepleriň elýeterliligi

Döwlet Dumasy daşary ýurt medialaryna garşy çäklendirmeleri güýçlendirýär 


Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi Döwlet Dumasynyň spikeriniň orunbasary Pýotr Tolstoý

Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça kanuna girizilen goşmaçalary kabul etdi. Bu üýtgetmeler hökümetiň daşary ýurtlaryň maliýe serişdeleriniň hasabyna dolandyrylýan media serişdelerini “daşary ýurt agentleri” hasaplamagyna ygtyýar berýär.

Döwlet Dumasynyň bu goşmaçalary kabul etmek boýunça 15-nji noýabrda geçiren gizlin ses berişliginiň öňüsyrasynda spiker Wýaçeslaw Wolodin deputatlaryň öňünde eden çykyşynda munuň ABŞ-nyň Orsýetiň žurnalistlerine edýän basyşyna “deňagramly jogap” boljagyny aýtdy.

“Çäreler Orsýetde söz azatlygyna hiç hili täsir ýetirmez” diýip, spikeriň orunbasary Pýotr Tolstoý aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy orsýet parlamentiniň kabul eden goşmaçalaryny Orsýetde metbugat azatlygyna “çynlakaý zarba” diýip atlandyrdy.

Kabul edilen goşmaçalaryň Orsýetde işleýän halkara media serişdelerine, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna, Amerikanyň sesi, CNN we Germaniýanyň Deutsche Welle ýaly habar beriş serişdelerine täsir ýetirmegi ähtimal.

XS
SM
MD
LG