Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Dumasy daşary ýurt media serişdelerine girizilýän çäklendirmeleri tassyklady


Dumanyň spikeriniň orunbasary Pýotr Tolstoý

Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige almaga ygtyýar berýän kanunçylygy biragyzdan tassyklady.

Döwlet Dumasy 15-nji noýabrda kanuna girizilen düzedişleriň üçünji, ýagny soňky maslahatynda olary tassyklady. Amnesty International bu çäräniň Orsýetiň media azatlygyna agyr urgy boljakdygyny aýtdy.

Kanun taslamasy boýunça geçirilen ikinji maslahatyň öňýany Dumanyň sözçüsi Wýaçeslaw Wolodin agzalýan kanun taslamasyny Birleşen Ştatlaryň orsýetli žurnalistlere edýän basyşyna simmetrik jogap diýip häsiýetlendirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (AÝ/AR) Dumanyň hereketine iki taraplaýyn jogap hökmünde seredilmeli däldigini aýtdy. Orsýetli resmiler bu kanunçylyga laýyklykda AÝ/AR-yň daşary ýurt agenti hökmünde tagmalanmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Dumanyň spikeriniň orunbasary Pýotr Tolstoý agzalýan taslama boýunça geçirilen ikinji maslahatyň öňýany “bu Orsýetdäki söz azatlygyna düýbünden öz täsirini ýetirmez” diýdi. Agzalýan kanun taslamasy mundan soňra parlamentiň Ýokary öýüniň dykgatyna, ondan soňra prezident Wladimir Putine ýetiriler.

Bu çäräniň tassyklanmagy diýmeklik “Orsýetde ozalam gözgyny kynçylyklary başdan geçirýän söz azatlygyny” häkimýetleriň “bogdugy bolar” diýip, Amnesty International belledi.

Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko 14-nji noýabrda eden çykyşynda ýokary palatanyň 22-nji noýabrda geçirjek nobatdaky sessiýasynda gürrüňi edilýän taslama serediljekdigini mälim etdi.

15-nji noýabrda Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow Putiniň kanuna gol goýup-goýmajakdygy barada gürrüň etmekden saklandy. Ýöne ol bu kanunçylygyň Moskwa “özge ýurtlarda rus mediasyna girizilýän çäklendirmelere” jogap gaýtarmak mümkinçiligini döretjekdigini aýdyp, sözüniň üstüniýetirdi.

Prezidentiň administrasiýasynyň Dumadaky wekili Garri Minh döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar agentligine beren gürrüňinde Putiniň administrasiýasynyň Dumadaky kanun taslamany “goldaýandygyny” mälim etdi.

Kanun taslamasy boýunça geçirilen ikinji maslahatda 450 deputatyň arasynda garşy ýa-da saklanan resmi hasaba alynmazdan 409 deputatyň oňlamagynda taslama kabul edildi. Kanun çykaryjylar we beýleki resmiler agzalýan kanunçylygyň AÝ/AR, “Amerikanyň sesi” we Germaniýanyň habar serişdesi “Deutsche Welle-niň” alyp barýan işlerine täsir ýetirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Bu kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, hasaba alnan media serişdeleri çap edýän makalalarynda ýa-da gepleşiklerinde özleriniň “daşary ýurt agentidigini” okyjylarynyň ýa-da tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirmeli. Eýsem daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmakdan boýun gaçyran we keseki ýurtdan maliýeleşdirilýän media serişdelerini Adalat ministrliginiň ýapmaga hukugy bolarmy diýen sorag nämälimliginde galýar.

AÝ/AR rus kanunçylygynyň Birleşen Ştatlaryň hereketlerine “simmetrik jogapdygyny” öňe sürýän pikirleri ret edip, beýanat ýaýratdy.

“Bugünki ses berişlige Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky media serişdelerinden edilýän talaplara iki taraply jogap hökmünde seretmek dürs däldir. ‘Russia Today’ we ‘Sputnik’ Birleşen Ştatlarda öz işlerini azat-erkin ýaýlyma berýärler. AÝ/AR bolsa administratiw basyşlar sebäpli öz ýaýlym şahamçalaryndan mahrum boldy we AÝ/AR-a kabel ýaýlym mümkinçilikleri elýeterli däl. Orsýetli habarçylar Birleşen Ştatlarda gorkuzmalara we haýbatlara duçar bolmazdan öz işlerini alyp barýarlar” diýip, beýanatda aýdylýar.

“AÝ/AR-yň missiýasy bütin dünýädäki rus dilinde gepleýän halklara, şol sanda Orsýete dogry we obýektiw žurnalizm ýetirmek. Biz öz işimize dowam etmegi umyt edýäris” diýip beýanatyň jemlemesinde aýdylýar.

Şeýle-de Duma “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri” hakyndaky kanuna girizilen goşmaçalary tassyklady. Muňa laýyklykda rus hökümeti özüniň “amatsyz” kabul eden websaýtlaryny suduň karary bolmazdan petikläp biler.

Häzirki wagtda Orsýetde 11 sany bähbit aramaýan halkara gurama “amatsyz” diýlip jar edildi, ýöne olaryň hiç haýsysynyň websaýty petikli däl.

Düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International-yň 15-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda täze goşmaçalaryň “guramalardan öz işgärleri we maliýe serişdeleri barada irginsiz jikme-jiklikleri talap etjekdigini” aýtdy.

Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Orta Aziýa bounça direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew “Orsýetde garaşsyz media guramalary we žurnalistler her gün diýen ýaly ar-alyşlara we hüjümlere sezewar bolýarlar” diýdi.

“Soňky kanunçylyk Orsýetde iş alyp barýan media serişdelerine döredilýän kynçylykly hupbatlary täze derejä ýetirýär” diýip, Kriwoşeýew belledi.

14-nji noýabrda Dumanyň sözçüsiniň orunbasary Tolstoý täze kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmakdan boýun gaçyran we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän habar serişdelerine ýurtda iş alyp barmagyň gadagan edilip bilinjekdigini aýtdy.

Şeýle-de Tolstoý agzalýan taslamanyň, bölekleýin daşary ýurt kapitalynyň esasynda maliýeleşdirilýän rus media guramalaryna täsir etmejekdigini aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça geňeşiň başlygy we Orsýetiň “Köpçülikleýin habar serişdeleri” hakyndaky esasy kanunynyň awtory Mihail Fedotow RBK habar gullugyna beren interwiýusynda kanuna täze girizilen goşmaçalaryň “ýerliksizdigini” aýtdy. Ol “Köpçülikleýin habar serişdeleri” baradaky kanuna düzedişleri girizmegiň zerur bolmandygyny, islendik “simmetrik jogabyň” ýerine ýetiriji organyň mümkinçilikleri arkaly berjaý edilip bilinjekdigini aýtdy.

Ýurduň ozalky maliýe ministri Alekseý Kudrin özüniň Twitter hasabynda Fedotow bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

“...Daşary ýurt agenti baradaky goşmaçalar howul-hara, oýlanşyksyz kabul edildi” diýip, ol belledi.

Moskwa döwlet eýeçilgindäki ‘Russia Today’ we ‘Sputnik’ media serişdeleriniň soňky bir ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlarda agyr basyşlara sezewar bolýandygyny öňe sürýär we Orsýetdäki amerikan media guramalaryny nyşana alyp, çäre görjekdigini aýdýar.

‘Russia Today’ telekanaly Birleşen Ştatlardaky “Daşary ýurt agentlerini hasaba almak boýunça aktyň” talaplaryna laýyklykda Adalat departamentinde 14-nji noýabrda hasaba durdy.

Ýanwar aýynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw resmileri rus hökümetiniň ABŞ-nyň 2016-njy ýylda geçiren prezidentlik saýlawlaryna täsir etmek maksady bilen alyp baran täsir ediş çäreleriniň çäginde ‘RT-niň’ we ‘Sputnigiň’ ýalan maglumat ýaýandygyny öňe sürdi. Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlarda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Moskwanyň gatyşdygy diýilmegi we onuň Ukrainada gören harby çäreleri sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýiti dartgynlaşdy.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitri Medwedew 14-nji noýabrda eden çykyşynda “biziň gatnaşyklarymyz gün-günden beterleşýär” diýdi we soňky on ýyllyklaryň iň pes derejesine baryp ýetendigini aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG