Sepleriň elýeterliligi

Kabulda bomba partlamasynda azyndan 11 adam wepat boldy


Bomba partlamasynyň bolan ýeriniň golaýynda, Kabul, 16-njy noýabr, 2017

Owganystanyň Balh welaýatynyň täsirli gubernatory Mohammad Atta Nooryň tarapdarlarynyň Kabulda geçiren ýörişine garşy janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan 11 adam wepat boldy.

Prezident Aşraf Ganiniň Milli bütewülik hökümetiniň açyk tankytçysy we “Talybana” garşy göreşen Demirgazyk Alýansyň söweşiji toparynyň öňki lideri Noor 16-njy noýabrda geçirilen ýörişe gatnaşmandy.

Kabulyň polisiýasynyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, partlamada heläk bolanlaryň arasynda azyndan dokuz sany polisiýa ofiseri we iki sany raýat bar, azyndan ýedi sany polisiýa işgäri ýaralanypdyr.

Partlama Kabulyň Hair Hana etrabynda Naween toý köşgüniň golaýynda boldy.

XS
SM
MD
LG