Sepleriň elýeterliligi

WADA Orsýetiň dopinge garşy talaplary berjaý etmeýändigini aýtdy


Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygy Aleksandr Žukow

WADA, ýagny Dopinge garşy bütindünýä agentligi Orsýetiň dopinge garşy talaplary henizem berjaý etmeýändigini aýdyp, onuň üstümizdäki ýyl geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna arassa gatnaşmak baradaky umytlaryny puja çykardy.

WADA-nyň esaslandyryjy ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Seulda geçiren maslahatynda, Borçlaryň berjaý edilişine syn edýän komitetiň Orsýetiň dopinge garşy RUSADA agentliginiň ygtyýarlygyny dikeltmezlik teklibini tassykladylar. RUSADA-nyň işi 2015-nji ýylda doping aýyplamalarynyň esasynda togtadylypdy.

WADA-nyň gelen netijesi fewral aýynda Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynda orsýetli sportsmenlere garşy girizilmegi mümkin bolan giňişleýin gadagançylyk ähtimallyklaryny döretdi. Doping synaglaryndan geçip bilmedik alty orsýetli sportsmene bireýýäm gadagançylyk girizildi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň dekabr aýynda Şwesariýanyň Lozan şäherinde geçirjek ýygnagynda, Günorta Koreýada geçiriljek oýunlara orsýetli sportsmenleriň gatnaşdyrylyp-gatnaşdyrylmazlygy barada karar kabul edilmegine garaşylýar.

Premýer ministriň orunbasary Witaliý Mutko WADA-nyň gelen şeýle netijesine özleriniň garaşandygyny aýtdy. Mutko 2008-2016-njy ýyllar aralygynda Orsýetiň Sport ministrligine ýolbaşçylyk edipdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Kremliň beýleki resmileri döwletiň hemaýat etmeginde doping ulgamlarynyň ulanylýandygyny ret edýärler, ýöne WADA agzalýan aýyplamalar dogrusynda özlerinde subutnamalaryň bardygyny aýdýar.

16-njy noýabrda WADA-nyň şeýle karar kabul etmeginden soň, Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygy Aleksandr Žukow “Döwletiň hemaýat edýän doping ulgamy Orsýetde ýok, ol ozalam bolmandy” diýip, berk nygtady.

WADA-nyň 2015-nji ýylda ýaýradan aýratyn ähmiýetli hasabatynda, Orsýetde döwlet derejesinde ýöredilýär diýilýän doping aýyplamalary we beýleki assyryn ýaşyrynlyklar ilkinji gezek aýan edilipdi. Hut şol sebäpden Orsýetiň dopinge garşy agentligi ýatyrlypdy.

WADA 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ýüzlerçe orsýetli sportsmeniň we sport resmileriniň gatnaşmagyndaky dopingi ýaşyrmak üçin edilen ogryn dildüwşükler barada özlerinde ekstensiw subutnamalaryň bardygyny aýtdy. Soçide geçirilen oýunlarda Orsýet medal gazanmakda beýleki döwletlerden esli arany açypdy.

Orsýetiň ýörite gulluklarynyň we sport ministrliginiň Soçide iňňän oýlanyşykly gizlin planyň guramaçylygyna gatnaşandygyny WADA anyklady. Ogryn planyň tertibinde Soçiniň doping laboratoriýasyna tabşyrlan düzümi dermanly peşew analizlerini “ýörite usul” arkaly çalşyrmak hem bar ekeni.

Üsti açylan maglumatlaryň esasynda ýüzden gowrak orsýetli sportsmen geçen ýyl Rio de Žaneýroda geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylmady.

Ýöne orsýetli ýolbaşçylar ýurduň doping medeniýetinde we edaralarynda amala aşyrylan reformalar sebäpli WADA Orsýetiň milli toparynyň 2018-nji ýylda geçiriljek oýunlara gatnaşdyrylmagyna rugsat berer diýip umyt edipdiler.

WADA Orsýetden ýurduň doping ulgamyna hasabatda aýdylýan döwletiň gatnaşygyny “boýun almagy” talap edýär. Bu bolsa Moskwa üçin iň uly päsgelçiligi döredýär. Sebäbi Orsýet ýüze çykan doping baradaky kanun bozmalaryň käbir sportsmenleriň we olaryň türgenleriniň şahsy jogapkärçiligidigini aýdýar.

Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygy Žukow WADA-nyň Seulda geçiren ýygnagynda, Orsýetiň dopinge garşy ulgamynyň şowsuzlyga uçrandygyny boýun aldy. Ýöne ol bu meselede Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň resmilerini we onuň Moskwadaky laboratoriýasynyň işgärlerini günäkärledi.

WADA Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň ýylyň dowamynda ýeten sepgidi sebäpli oňa girizen gadagançylygyny bölekleýin ýatyrdy we agentlige analiz nusgalaryny kabul etmek hukugyny berdi.

Ýöne şübhelenmeler dowam edýär. WADA-nyň esaslandyryjy toparynyň agzasy Adam Pengilli Agentlik Orsýetiň täze anti-doping düzgünlerine nädip “bil baglasyn”, haçan-da ol “bolan zatlary sözüň doly manysynda boýun almaýarka” diýdi.

Geçen hepde WADA Orsýetiň 2012-2015-nji ýyllar aralygyndaky “uly göwrümli” derman analizi synag netijeleriniň içerki maglumat bazasyny ele geçirendigini aýtdy. Bu baza ýurduň doping ulgamyndaky döwletiň roluna subutnama bolup hyzmat etjekdigi aýdylýar.

WADA Orsýetiň ygtyýaryny dikeltmegi ret edýän-de bolsa, agentlik üstümizdäki ýyl geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna orsýetli sportsmenleriň iň azyndan ‘bitaraplar’ hökmünde çärelere gatnaşmak mümkinçiligini ýatyrmaz diýip, sport resmileri aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG