Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň daşary ýurt mediasy baradaky kanuny bilen söz azatlygyny çäklendirmegine aladalanýar


ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky býurosyna sapar etdi, 17-nji noýabr, 2017.
ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky býurosyna sapar etdi, 17-nji noýabr, 2017.

ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky býurosyna baryp, daşary ýurt agenti hakyndaky orsýet kanunynyň täsirine sezewar bolup biljek amerikan media serişdesine goldaw bildirdi.

Jon Huntsman 17-nji noýabrda býuro eden saparynyň dowamynda orsýet kanunynyň “uly aladalanma” döredýändigini aýtdy. “Biz islendik erkin jemgyýetde we demokratiýada azat media iňňän zerur diýip pikir edýäris” diýip Huntsman aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Orsýetiň daşary ýurt mediasyna garşy gönükdirilen kanunlaryna syn edýändigini aýtdy we Moskwany muny söz azatlygyny çäklendirmek üçin gural hökmünde ulanmakdan saklanmaga çagyrdy.

Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Maria Olsonyň 16-njy noýabrda aýtmagyna görä, Waşington “onuň kabul edilişine we durmurşa geçirilişine üns bilen seredýär”.

Orsýetli kanun çykaryjylar bu kanuna Waşingtonyň Orsýetiň RT telekanalynyň amerikan partnýoryndan hasaba durmagy we maliýe maglumatlary bermegi talap etmegine jogap hökmünde seredýärler. Birleşen Ştatlar bu talabyny Daşary ýurtly agentler hakyndaky (FARA) kanunyna laýyklykda öňe sürdi.

Olson ABŞ-nyň kanunynyň ýurtdaky syýasy çekeleşiklere täsir ýetirýän guramalaryň daşary ýurtly sponsorlary hakynda maglumatlary köpçülige mälim etmek maksadyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

"FARA maglumatlaryň çap edilmegini çäklendirmeýär” diýip, Olson aýtdy.

Media azatlygyny goraýan halkara guramalary hem Orsýetiň kanunyny, hem-de ABŞ-nyň RT telewideniýesinden eden talaplaryny tankyt edýärler.

Orsýetiň Adalat ministrliginiň websaýtynda çap bolan sanawda daşary ýurt agentleri hakyndaky kanunyň ilkinji nobatda täsir ýetirjek guramalarynyň arasynda AÝ/AR-sy (RFE/RL) we Amerikanyň sesi (VOA) bilen bagly dokuz sany media serişdesi görkezilýär.

XS
SM
MD
LG