Sepleriň elýeterliligi

“Talybanyň” Helmand welaýatyndaky türmesinden 27 adam halas edildi


Helmand, Milli goşuna ýarag getirildi. 19-njy noýabr, 2017 ý.

Owgan resmileri gündogardaky Helmand welaýatynda “Talyban” türmesine garşy geçirilen reýd mahalynda 20-den gowrak adamyň halas edilendigini aýdýarlar.

Goşun we welaýat resmileri Owganystanyň we daşary ýurtlaryň ýörite güýçleriniň gatnaşmagynda gije guralan reýd netijesinde halas edilenleriň arasynda 12 ýaşdan aşakdaky dört çaganyň, iki sany polisiýa ofiseriniň hem bardygyny aýdýarlar.

Owgan harby sözçüsiAbdul Kadir Bahadurzai Nawzad etrabyndaky türmeden boşadylan 20 adamyň “Talyban” tarapyndan hökümete kömekleşendikleri ýa-da owgan goşunynyň we polisiýasynyň agzalarynyň garyndaşlary bolandyklary üçin tussag edilendigini aýtdy.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Mohammad Omar Zwak halas edilenleriň sanynyň 27 adamdan ybarat bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG