Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili Ukrainanyň premýer-ministri bolmaga taýýardygyny protestçilere aýtdy


Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň Odesa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili protest aksiýasynda, Kiýew, 19-njy noýabr, 2017.
Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň Odesa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili protest aksiýasynda, Kiýew, 19-njy noýabr, 2017.

Ukrainanyň Odesa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili Kiýewde geçirilen ýörişlerde eden çykyşynda “Ukrainanyň täze hökümetini döretmäge” we ýurduň täze premýer-ministri bolmaga taýýardygyny aýtdy.

19-njy noýabrda parlamentiň binasynyň öňünde bolan protest aksiýasyna birnäçe ýüz adam gatnaşdy.

“Men bu prosesi siz bilen bilelikde amala aşyrmaga we gerek bolsa bu hökümete ýolbaşçy bolmaga taýýar” diýip, Saakaşwili aýtdy.

“Geliň Ukrainanyň täze hökümetini döredeli” diýip, Saakaşwili belledi.

Hökümete garşy çykyş edýän protestçiler 17-nji oktýabrda ýurduň parlamenti Werhownaýa Radanyň binasynyň öňünde çadyr gurup, ornaşdylar. Olar parlament agzalarynyň eldegirilmezlik hukugynyň ýatyrylmagyna, korrupsiýa garşy suduň döredilmegine, saýlaw kanunlaryna goşmaçalaryň girizilmegine we prezidente impiçment bildirilmegine çagyrýarlar.

Protestler prezident Petro Poroşenkonyň ozalky ýarany Mihail Saakaşwiliniň çagyryşlary bilen başlanypdy soň demonstrasiýalara Ukrainanyň oppozision liderleri goşulypdy.

XS
SM
MD
LG