Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň meteorologiýa gullugy Uralda 'iňňän ýokary' möçberli radioaktiw buludy anyklady


Rosgidromet agentligi radioaktiw serişdeleriň ýaýramagynyň sebäpleri barada anyk maglumat bermedi.

Orsýetiň meteorologiýa gullugy sentýabryň aýagynda Uralda ruthenium-106 (Ru-106) radioaktiw jisimiň “iňňän ýokary” möçberini anyklandygyny habar berdi.

21-nji noýabrda Rosgidromet tarapyndan edilen bu beýanat Fransiýanyň ýadro howpsuzlygy boýunça agentliginiň sentýabryň soňky hepdesinde Ýewropanyň üstünde hasaba alnan radioaktiw buludyň Orsýetiň ýa-da Gazagystanyň ýadro obýektlerinden gelip çykan bolmagynyň ähtimallygy barada habar bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Orsýet we Gazagystan hiç bir hadysa barada habar bermändi. Şol bir wagtda-da Rosgidrometiň beýanatynda sentýabryň aýagynda we oktýabryň başynda Çelýabinsk regionynyň howany anyklaýjy Agraýaş stansiýasynyň golaýynda Ru-106 radioaktiw serişdeleriň ýaýradan möçberiniň kadaly derejeden 986 esse ýokary bolmagynyň hasaba alnandygy habar berildi.

Agentlik radioaktiw serişdeleriň çeşmesi we howa ýaýramagynyň sebäpleri barada anyk maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG