Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada bomba partlamasy zerarly azyndan 50 adam wepat boldy


Nigeriýanyň kartasy

Nigeriýanyň polisiýasy ýurduň demirgazygyndaky Adamawa regionynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan 50 adamyň wepat bolandygyny habar berdi.

Bomba partlamasy 21-nji noýabrda Mubi şäherinde içi dinçilerden doly metjitde boldy.

Polisiýanyň metbugat-wekili adam pidalarynyň sanynyň artmagynyň ähtimaldygyny, sebäbi ýaralananlaryň arasynda haly agyr adamlaryň köpdügini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine hiç kim öz üstüne almady. Geçmişde Nigeriýanyň demirgazygynda köp adamly ýerlere Boko Haram yslamçy toparyň söweşijileri ýygy-ýygydan hüjüm edipdi.

Boko Haramyň sekiz ýylyň dowamynda eden hüjümlerinde 20 müň çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG