Sepleriň elýeterliligi

Müsürde metjide edilen hüjüminiň netijesinde azyndan 184 adam wepat boldy


Müsüriň metjidi

Müsüriň döwlet mediasy 24-nji noýabrda söweşijileriň metjide eden hüjüminiň netijesinde azyndna 184 adamyň wepat bolandygyny we 120 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Döwlet mediasyna görä, Bir al-Abd şäherçesinde metjide edilen hüjümde heläk bolanlaryň sany azyndan 184 adama ýetýär, hökümet hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna üç günlük matam yglan etdi.

Associated Press agentligi üç polisiýa ofiserine salgylanyp, hüjümçileriň dört sany ulagly baryp, mejitde anna namazyna duran adamlary oka tutandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG