Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýada parahatçylygy gazanmak boýunça gepleşikleriň täze tapgyryna başlaýar


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura

Siriýada parahatçylygy gazanmak boýunça BMG-niň howandarlygyndaky gepleşikleriň täze tapgyrynyň, Siriýanyň hökümetiniň boýkot etmegine garamazdan, 28-nji noýabrda Ženewada başlanmagy göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Misturanyň 27-nji noýabrda aýtmagyna görä, Siriýanyň hökümeti ýurtda alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşuň soňuna çykmak boýunça gepleşiklere gatnaşjagyny entek tassyklamandyr.

“Geçen gije bize gowşan maglumatda hökümetiň şu gün Ženewa syýahat etmeginiň ähtimaldygy aýdyldy. Elbetde biz hökümetiň ýola düşjegini umyt edýäris we garaşýarys ” diýip, Mistura BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine aýtdy we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň “dialoga taýýardygyny” ýakynda aýdandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Mistura gepleşiklerde “hiç bir tarapyň hiç bir şertini kabul etmejegini” aýtdy. Siriýanyň oppozisiýasynyň resmi toparynyň başlygy Nasr Hariri 27-nji noýabrda Ženewa baran badyna öz toparynyň Assady çetleşdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG