Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň sudy garabagly öňki komandiri alty ýyl türmä höküm etdi.


Samwel Babaýan sud jaýynda, Ýerewan, 31-nji iýul, 2017.
Samwel Babaýan sud jaýynda, Ýerewan, 31-nji iýul, 2017.

Ermenistanyň sudy Daglyk-Garabagyň separatist güýçleriniň öňki komandirini ýarag gaçakçylygynda we pul ýuwmakda aýyplap, alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

28-nji noýabrda Samwel Babaýana garşy çykarylan karar onuň prezident Serž Sarkisiana garşy oppozisiýa boýunça ýaranlarynyň aýdyşyna görä, syýasy matlaply sud işiniň netijesinde çykaryldy.

Şeýle-de Ýerewanyň sudy Babaýan bilen bilelikde sud edilen iki adamy iki we üç ýyllyk türmä höküm etdi, ýene dördüsine şertli tussaglyk jezasyny berdi.

Samwel Babaýan 1993-1999-njy ýyllarda Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regionynda etnik ermeni güýçleriniň komandiri bolupdy.

Ermenistan tarapyndan goldanan separatistler esasan ermeni ilatly Daglyk-Garabagy we onuň töweregindäki giňişlikleri öz eline alypdy. Regionda bolan uruş zerarly 30 müň çemesi adam wepat boldy we 1 million çemesi adam öz öýlerini terk etdi.

Daglyk-Garabag boýunça konflikti diplomatik ýollar arkaly çözmek ugrundaky tagallalarda şu çaka çenli öňegidişlik göze ilmeýär. Babaýan mart aýynda tussag edilipdi. Ermenistanyň milli howpsuzlyk gullugy “Igla” raketa sistemasyny ele salandygyny we Babaýanyň muňa gatnaşygynyň bolmagynyň güman edilýändigini aýtdy.

Öňki goranmak ministr Seýran Ohanianyň ýolbaşçylygyndaky oppozision bileleşige açyk goldaw bildiren Babaýan ýurduň parlament saýlawlarynyň iki hepde öňüsyrasynda tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG