Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Olimpiýa komiteti: Ozalky doping rus resmisi 'dogruçyl şaýat'


Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň öňki resmisi Grigoriý Rodçenkow
Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň öňki resmisi Grigoriý Rodçenkow

Halkara Olimpiýa komiteti Moskwanyň öňki anti-doping resmisi Grigoriý Rodçenkowyň Orsýetiň doping “dildüwşügini” bütin dünýä paş etmek bilen dogruçyllyk edendigini aýdyp, Orsýetiň ýurduň doping skandalynda ilkinji nobatda ony paş edeni garalamak baradaky strategiýasyny puja çykardy.

Moskwanyň anti-doping laboratoriýasynyň öňki başlygy 2015-nji ýylda Orsýetde dopingiň döwletiň goldamagy bilen ulanylýandygynyň üstüni açmak bilen “dogruçyl şaýatdyr” diýip, Olimpiýanyň orsýetli sportsmenleriň doping bilen bagly işleri boýunça derňew alyp barýan topary 27-nji noýabrda aýtdy.

Orsýetiň häkimiýetleri soňky iki ýylyň içinde onlarça sportçynyň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagynyň gadagan edilmegine getiren doping bilen bagly meselelerde Rodçenkow bilen aýry-aýry atletleri günälemäge synanyşypdylar.

Üstümizdäki aýyň başlarynda Moskwada Rodçenkowyň garşysyna kazyýet işi gozgalanda, Orsýetiň derňew komiteti ony 2014-nji ýylda Soçide geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda doping programmasyny ýola goýanlykda we 2006 – 2015-nji ýyllaryň aralygynda laboratoriýa baştutanlyk eden döwründe hem beýleki işlere baş goşanlykda aýyplady.

Orsýetiň derňew komiteti mediada berilýän maglumatlara görä, häzir Birleşen Ştatlarda gizlinlikde ýaşaýan Rodçenkowyň ekstradisiýa edilmegini gazanmaga synanyşjakdygyny bildirdi.

27-nji noýabrda Olimpiýa komiteti wezipe başyndaka doping meselelerine gatnaşandygyny boýun alan Rodçenkowyň geçmişde “nädogry iş” eden bolmagy mümkin, ýöne bu onuň Soçide olimpik oýunlarynyň düzgünleriniň iň ýaramaz şekilde bozulmagyna getiren dildüwşükde örän ähmiýetli şaýatdygyny gowşadanok diýdi.

Olimpiýanyň ýolbaşçy topary WADA-nyň 2016-njy ýylda Rodçenkowyň aýdýanlaryny barlamak üçin bellenen derňewçisi Riçard MkLareniň Orsýetde doping “dildüwşüginiň” bardygyny subut edendigini we muňa şek-şübhe ýokdugyny bildirdi.

Olimpiýa komiteti bu beýanaty berende ýene bäş sany orsýetli sportçyny ýaryşlara goýbermezlik netijesine gelendigini aýtdy. Şeýlelikde 2018-nji ýylyň fewralynda Günorta Koreýada geçjek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy gadagan edilen orsýetli sportçylaryň sany 19-a ýetdi.

Ors häkimiýetleri tarapyndan tankytlanan Rodçenkow bilen MkLareniň görkezmeleri Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji toparynyň 5-nji dekabrda geçjek maslahatynda, Pýeongçan oýunlaryna gatnaşmagy Orsýetiň tutuş atletlerine gadagan etmegi mümkin diýen çaklamalaryň güýçlenmegine getirdi.

XS
SM
MD
LG