Sepleriň elýeterliligi

Eýran sanksiýalar boýunça gozgalan işde şaýat türk ministrine para berendigini aýdýar


Reza Zarrab (çepde) we Mehmet Hakan Atilla

Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryndan sowulmaga kömek edip, Eýrana 1 milliard dollar möçberinde edilen bikanun kömegiň çäginde, şaýat Türkiýäniň ykdysadyýet ministrine 50 million dollardan gowrak para berendigini amerikan sudunyň öňünde tassyklady.

Türkiýeli we eýranly biznesmen Reza Zarrab 29-njy noýabrda türkiýeli bank işgäri Mehmet Hakan Atillanyň Nýu Ýorkda geçirilýän sud diňlenişiginde özüniň Türkiýäniň ozalky ykdysadyýet ministri Mehmet Zafer Çaglaýan bilen baş goşan işlerini kazyýete gürrüň berdi. Atilla Eýrana garşy girizilen sanksiýalardan sowulmak üçin, gizlin dildüwşükde we döwlet resmilerine para bermekde Zarraba ýaranlyk etmek boýunça günä bildirilýär.

34 ýaşly Zarrab aýyplamalary boýun alyp, alnyp barylýan derňewde baş şaýat hökmünde amerikan hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ol Çaglaýan bilen nädip sanskiýalardan sowulyşlaryny, şol sanda Eýranyň puluny ýuwmak üçin çemedanlap altyn geçirişlerini gürrüň berdi.

“Eger-de girdejilere 50-50 şäriklik etsek, bu meselede men kömek ederin” diýip Çaglaýan Zarraba aýdypdyr.

Bu gozgalan sud işi boýunça Çaglaýana-da günä bildirilýär, ýöne ol entek ele salynmady. Çaglaýan özüne bildirilýän aýyplamalary ret edip gelýär.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan premýer-ministr wagty Çaglaýan ýurduň ykdysadyýet ministri bolup işläpdi. 2013-nji ýylyň aýagynda türk häkimiýetleri Çaglaýanyň we beýleki käbir ministrleriň BMG-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny bozmak üçin Zarraba kömek edip-etmändiklerini anyklamak boýunça derňewe girişenlerinde, Çaglaýan öz arzasy bilen wezipeden çekilipdi. Şonda Zarrab Türkiýede tussag astyna alnypdy, ýöne türk häkimiýetleri soňlugy bilen oňa bildirilen aýyplamalary ýatyryp, ony tussaglykdan boşatdylar.

Amerikaly häkimiýetler agzalýan işiň Türkiýede ilkibaşda başladylan derňewe salgylanandygyny tassyklady. ABŞ-ly sülçiniň kömekçisi Sidharda Kamaraju kazyýetde Zarrabyň Eýrana garşy girizilen amerikan sanksiýalaryndan sowulmak üçin, ýokary wezipelileri hem öz içine alýan ýaşyryn ýaranlygy guramalaşdyrandygyny, şeýlelikde, Eýranyň gaz we nebit girdejilerinden gelýän 1 milliard dollar möçberindäki pul üçin ABŞ-daky we beýleki global bank ulgamlaryndan peýdalanandygyny aýtdy.

Zarrab 2011-nji ýylyň aýaklarynda ýa-da 2012-nji ýylyň başlarynda Eýrandan gelýän pula gözegçilik etmäge synanyşmak üçin, türk hökümetiniň eýeçilginäki “Halkbankyň” dolandyryjylaryndan birine ýüz tutanda, ilkibaşda ozüne päsgelçiligiň bolandygyny gürrüň berdi.

Zarrabyň aýtmagyna görä, ol türk estrada ýyldyzy Ebru Gündeşiň adamsy bolany üçin, söwdalar üns çeker diýip, bankdaky ýokary wezipeli gorkupdyr.

“Men mydama iliň gözüniň öňündedim” diýip, asly eýranly bolan we soň türk raýatlygyny alan Zarrab aýtdy.

Soňra Zarrab Çaglaýan bilen duşuşýar. Ministr oňa geçirimler üçin mümkinçilik döredip biljekdigini, ýöne olardan gelýän girdejileriň ýarysyna şärik bolmak isleýändigini aýdýar. Zarrab Çaglaýanyň özünden 50 million dollardan hem gowrak pul alandygyna şaýatlyk etdi.

Zarrab kazyýetde diagramma çyzyp, Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryndan sowulmak üçin ulanan geçirimlerini düşündirdi. Sanksiýalar Eýranyň amerikan dollaryny ulanmagyny we Birleşen Ştatlaryň maliýe ulgamlaryndan peýdalanmagy gadagan edýärdi. Zarrab ortada durup, özüniň ummasyz köp mukdarda pul gazanandygyny aýtdy.

Zarrab Eýranyň Türkiýä satan gazyndan gelen girdejä altyn alandygyny, gyzyllary öz araçylaryna çemedanlarda Dubaýa daşatdyrandygyny gürrüň berdi. Soňra şol altynlary satyp nagta öwrendigini we öz kompaniýasynyň bank hasabyna geçirendigini aýtdy.

Pullar birnäçe bank geçirimleri arkaly, şol sanda sanksiýalary bozup, Birleşen Ştatlaryň maliýe edaralarynyň üsti bilen ýuwuldy diýip, Zarrab gürrüň berdi.

Zarrab 47 ýaşly Atilla bilen maslahatlaşyp, ýaşyrynlykda sanksiýalardan sowulandygyny boýun aldy. Atilla şol wagtlar Halkbankda ýokary wezipede işleýän ekeni. Ol pullaryň çeşmesi amerikaly banklarda anyklanmaz ýaly, Atillanyň söwda geçirimlerde özüne kömek edendigini aýtdy.

Atilla özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär. Atillanyň aklawçysy Zarrabyň “ynamdarlygyna” hüjüm etdi we ony “ýalançy hem-de baryp ýatan kezzap” diýip suratlandyrdy.

Birleşen Ştatlarda bildirilýän aýyplamalarda Çaglaýanyň bikanun altyn söwdasyndaky roly agzalýar. Şeýle-de, ol we türk hökmetindäki beýleki resmiler Eýrandan alnan nebitiň pullaryny sanksiýalardan azat azyk-haryt we medisina serişdeleriniň söwdasyndan gelen pul ýaly edip görkezmäge kömek etdi diýilýär.

Erdogan amerikan häkimiýetlerini Çaglaýana bildirilýän aýyplamalary, onuň hiç hili kemçilige ýol bermändigini, sebäbi Türkiýäniň hiç haçan Eýrana sanksiýa girizmändigini aýdyp, täzeden gözden geçirmäge çagyrýar. Ankara Tährana möhüm söwda partnýory hökmünde garaýar.

Zarrab entek Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň baş şaýadyna öwrülmänkä, Erdogan ABŞ-dan onuň boşadylmagyny gaýta-gaýta talap etdi. Erdoganyň ministrleri gozgalan işiň “toslamadygyny”, Zarrabyň Birleşen Ştatlarda “zamunlykda saklanýandygyny” we onuň aýyplamalary boýun almaga mejbur edilýändigini öňe sürüp gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG