Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Döwlet Dumasy ABŞ-nyň ähli media serişdelerini gadagan etmegi göz öňünde tutýar


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maslahaty
Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maslahaty

Orsýetiň Döwlet Dumasy ABŞ-nyň ähli media serişdelerini gadagan etmegi göz öňünde tutýar we bu teklibi indiki hepdede maslahat eder diýip, kanunçylyk boýunça komitetiniň resmisi aýtdy.

Olga Sawastýanowanyň 1-nji dekabrda eden bu beýanaty ABŞ-nyň Kongressiniň metbugat elýeterliligi boýunça guramasynyň Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RT telekanalynyň metbugat ygtyýarlygyny çäklendirmek meselesine seretmeginden iki günden soň edildi.

Dumanyň ABŞ-nyň žurnalistlerine garşy gadagançylyk girizmek haýbaty Moskwanyň Waşingtonyň Birleşen Ştatlarda orsýet mediasyna görkezýändigini aýdýan gysyşyna jogap berip edýän nobatdaky hereketidir.

Orsýetiň we ABŞ-nyň arasynda gatnaşyklar Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy we 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşmagy baradaky çaklamalar sebäpli dartgynly bolmagynda galýar.

Olga Sawastýanowa ABŞ-nyň ähli media serişdelerini gadagan etmek baradaky teklibiň Döwlet Dumasynyň 6-njy dekabrda geçiriljek plenar mejlisinde maslahat ediljegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG