Sepleriň elýeterliligi

Amerikan Senaty uly salgyt kemeltme kanunyny tassyklady


Tramp bu kanunyň amerikan kompaniýalarynyň iş ýerlerini döretmegine we ABŞ-da maýa ýatyrmagyna getirjekdigini aýdýar.

ABŞ-nyň Senaty 1.5 trillion dollara golaý möçberdäki salgyt reformalary kanunyny tassyklady, bu prezident Donald Trampyň Ak tamdaky ilkinji ýylynda ilkinji uly ýeňşi bolup durýar.

Bu kanun taslamasy kärhanalaryň we ýokary gazançly adamlaryň salgytlaryny azaltmaga gönükdirilen we beýlekilere o diýen kän ýeňillik bermeýär.

Bu kanun taslamasy senat komitetiniň ol býujet ýetmezçiligini 1 tirillion dollar möçberinde artdyrar diýen netijä gelmegine garamazdan kabul edildi.

Senatyň respublikaçy liderleri tarapyndan ýapyk gapylaryň arkasynda ýazylan kanun taslamasynyň peýdasyna demokratlaryň hiç biri ses bermedi. Respublikanlar Senatda köplügi düzýär.

Prezident gol çekmezinden öň birikdirilip, bir kanun taslamasyna öwrülmeli we iki kanun palatasy tarapyndan hem tassyklanmaly proýekt ABŞ-nyň salgyt sistemasynda üç ýylda amala aşyrylan ilkinji uly üýtgetme bolar.

Demokratlar bu kanun taslamasynyň orta gazançly maşgalalaryň hasabyna baý salgyt töleýjiler we uly biznesler üçin peýdaly boljakdygyny, şeýle-de ABŞ-nyň defisitini artdyrjakdygyny aýtdylar.

Bu kanun korporatiw salgyt derejesini 35 prosentden 20 prosente düşürýär, Tramp munuň amerikan kompaniýalarynyň iş ýerlerini döretmegine we ABŞ-da maýa ýatyrmagyna getirjekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG