Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Türkmenistan -Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” çärelerini taýýarlaýar


Mary welaýaty, gadymy Goňurdepe şäheriniň galyndysy
Mary welaýaty, gadymy Goňurdepe şäheriniň galyndysy

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda geçirilmeli gazuw-agtaryş işleri, bu ugurda taýýar;lanylýan döwlet programmasy barada hasabat berdi.

TDH bu programmanyň prezidentiň tabşyrygy esasynda, 2018-nji ýylda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda çäreler tapgyryny taýýarlamak üçin işlenip düzülendigini habar berýär.

Täze programmada Türkmenistanda geçirilýän arheologiki gazuw-agtaryş işlerine belli daşary ýurt alymlaryny çekmek hem göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG