Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet AÝ/AR-ny, 'Amerikanyň sesini' daşary ýurt agenti hökmünde yglan etdi


Orsýetiň adalat ministrligi Günbatar hökümetleri we media erkinligi ugrunda göreşýän guramalar tarapyndan tankytlanan täze kanun boýunça Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen Amerikanyň sesi radiosyny, şeýle hem olar bilen baglanyşykly birnäçe habar gulluklaryny “daşary ýurt agentleri” diýip yglan etdi.

Adalat ministrliginiň websaýtynda ýerleşdirilen beýannamada, Orsýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky täze kanunyna laýyklykda, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň, Amerikanyň sesiniň, Current Time telekanalynyň, şeýle hem Azatlyk radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynyň, Siberiýa Reality, Idel.Reality, Factograph, Kavkaz Realii, and Crimea.Reality gulluklarynyň “daşary ýurt agentiniň funksiýasyny ýerine ýetirýän daşary ýurt habar beriş serişdeleri” sanawyna girizendigi aýdylýar.

Orsýetiň adalat ministrliginiň bir sözlemden ybarat beýanatynda, bu media neşirleriniň nähili çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy hakda anyk bir zat ýok. Ýöne kanun çykaryjylaryň aýtmagyna görä, bu sanawdaky mediadan maliýe hasabaty hakda jikme-jik raport, şeýle hem olarda neşir edilýän materiallaryň daşary ýurt agentinden gelýändigini alamatlandyrmagyň talap edilmegi mümkin.

Parlament tarapyndan oňlanan we prezident Wladimir Putin tarapyndan 25-nji noýabrda gol çekilen kanun hökümete daşary ýurtlaryň islendik media neşirini “daşary ýurt agenti” diýip atlandyrmaga ygtyýar berýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň başlygy Tomas Kent adalat ministrliginiň kararyndan habarly bolandyklaryny, ýöne “bu sanawa goşulmagyň nämäni aňladýandygy hakda özlerine doly maglumat gowuşmandygyny” adýar.

“Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy Orsýet we beýleki ýurtlar hakda professional habar işlerini alyp barýan bir žurnalizm kompaniýasy. Biz dogry we hemmetaraplaýyn žurnalizm baradaky borçlarymyza berk bagly bolup galýarys” diýip, Kent aýtdy.

Orsýetiň resmileri täze kanun döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän RT telekanalynyň Birleşen Ştatlardaky bölüminden, Amerikanyň daşary ýurt agentleri registrasiýasy aktynda (FARA) özüni hasaba aldyrmak talap edileninden soňra muňa berilýän “simmetrik jogap” diýýärler.

Amerikan resmileri hem edilýän bu hereket simmetrik däl, Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň kanunlary biri-birinden tapawutly, Orsýet “daşary ýurt agenti” kanunyny, başgaça pikirlenýänleri dymdyrmak we olary öz pikirlerini erkin beýan etmek meýlinden dändermek üçin peýdalanýar diýip delil getirýärler.

4-nji dekabrda daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa daşary ýurt agentleri diýip atlandyrylan media neşirleri özleriniň akkreditasiýalaryndan mahrum edilmez, olar “özleriniň žurnalistik işlerini Orsýetde arkaýyn we bökdençsiz dowam etdirip bilerler” diýdi.

Ýöne Döwlet Dumasynyň daşary ýurt agentleri diýlip yglan edilen amerikan media neşirlerine parlamentiň aşaky öýüne ýol bermezlik boýunça üstümizdäki hepde bir kanun kabul etmegine garaşylýar.

Parlamentiň iki öýünde-de agdyklyk edýän häkimiýet başyndaky Bütewi Orsýet partiýasy. Olar Kreml näme diýse, şony edýärler.

Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň täze kanuny “Orsýetiň adam hukuklary hakda öz üstüne alan borçnamalaryna ters” diýip, ony “garaşsyz media we informasiýa elýeterligine abanýan howp” diýip atlandyrdy.

“Human Rights Watch” hem Orsýetiň täze kanunyny “media erkinligine edilýän doly hüjüm” diýip ýazgaryp, ony “olaryň ors halkynyň eşitmegini islemeýän sesleri dymdyrmak üçin ýörite saýlanyp, syýasy taýdan güýçlendirilen zat” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG