Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Döwlet Dumasy AÝ/AR-na, 'Amerikanyň sesine' gadagançylyk girizdi


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maslahaty, Moskwa, 6-njy dekabr, 2017

Orsýetiň Döwlet Dumasy hökümetiň “daşary ýurt” agenti diýip kesgitlän ABŞ-nyň media serişdeleriniň parlamentiň aşaky öýüne girmegini gadagan etmek boýunça ses berdi.

Döwlet Dumasynyň kanun çykaryjylary 6-njy dekabrda geçiren ses berişliginde 413-nji rezolýusiýany kabul etdi.

Bu gadagançylyk AÝ/AR-nyň (RFE/RL) we “Amerikanyň sesi” (VOA) radiosynyň habarçylarynyň Duma barmagyna gadagançylygyň girizilýändigini aňladýar.

5-nji dekabrda Orsýetiň Adalat ministrligi ABŞ-nyň habar serişdelerini daşary ýurtly agentler hökmünde kesgitledi.

Kremliň gözegçiligindäki “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň agzalarynyň köpçüligindäki Duma geçen aýda ministrligiň agzalan media guramalary daşary ýurt agentleri hökmünde kesgitlemegine rugsat berýän kanunyň taslamasyny makullapdy. Prezident Wladimir Putin kanuna 25-nji noýabrda gol çekdi.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we media azatlygyny goraýjy halkara guramalary Orsýetiň kabul eden kanunyny berk tankyt etdiler.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) “orsýet raýatlary üçin iňňän wajyp alternatiw täzelikler çeşmesini üpjün edýän hakara serişdelerine päsgel bermegiň” Orsýet üçin “aýplydygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG