Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň 2018-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna girizilen gadagançylyk reaksiýa döretdi


Orsýetiň we Olimpiadanyň baýdaklary, Soçi, 23-nji fewral, 2014 ý.
Orsýetiň we Olimpiadanyň baýdaklary, Soçi, 23-nji fewral, 2014 ý.

Orsýetde döwletiň hemaýat etmeginde amala aşyryldy diýilýän doping dawasy sebäpli ýurduň 2018-nji ýylda geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna girizilen gadagançylyk dünýäde el çarpyp garşylamakdan, gahar-gazaba çenli dürli reaksiýa döretdi.

Dopinge garşy resmiler Halkara Olimpiýa komitetiniň 5-nji dekabrda yglan eden kararynyň uzak wagtlap dowam edýän dopinge garşy göreşde möhüm tapgyr bolandygyny we onuň bikanun dermanlaryň ulanylmagyna päsgel berip, arassa atletleri goldajakdygyny we ruhlandyrjakdygyny aýtdylar.

“Arassa atletler möhüm ýeňiş gazandylar” diýip, ABŞ-nyň Dopinge garşy agentliginiň başlygy we Orsýetiň tankytçysy Trawis Tygart aýtdy. Tygart Orsýeti 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Olimpiýa oýunlaryny galplaşdyrmakda aýyplapdy.

Birleşen Ştatlaryň Olimpiýa komiteti Halkara Olimpiýa komitetiniň gelen netijesini “güýçli we tutanýerli karar” diýip öwdi.

Rus sportunda sportsmenlere derman berilmegine we olaryň analizleriniň ýaşyrylmagyna kömek edýän bikanun hereketler barada giň göwrümli hasabat çap eden kanadaly derňewçi Riçard MakLaren komitetiň gelen netijesini gutlap, “biz sport ulgamyndaky ‘nädip ýeňseň ýeň, ýöne ýeň’ diýen mentaliteti taşlap, adalatly ýaryşlary goldaýan düşünjäni makullamaly” diýdi.

Orsýetiň häkimiýetleri karara gahar-gazap bildiren hem bolsalar, olimpiadany boýkot etmek ýaly ar alyjy çäreleri yglan etmediler. Ýogsam käbir orsýetli kanun çykaryjylar bu ugurda iş alyp barypdy.

Käbir rus resmileri özlerine göwünlik berip, fewral aýynda Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçiriljek oýunlara özüniň arassadygyny subut eden atletler gatnaşyp biler diýdiler.

Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Aleksandr Žukow “bigünäleri jezalandyrmak adalatsyzlyk we ahlaksyzlykdyr” diýdi.

Ol Lozanda Orsýetiň “R-Sport” habar agentligi bilen söhbetdeşliginde “Bu Olimpiýa ýörelgelerine doly ters gelýär” diýdi.

Ýöne ol Halkara Olimpiýa komitetiniň arassa rus sportsmenleriniň “orsýetli Olimpiýa atletleri” adyny götermäge rugsat bermek boýunça alan kararyny magtady.

“Olar orsýetli atletleriň adyndan çykyş ederler, bitaraplaryň adyndan däl... Bu örän wajyp” diýip, Žukow aýtdy.

Halkara Olimpiýa komiteti “berk gözegçilik astynda”, ýagny mundan ozal doping jezasy bolmadyk, derman barlaglaryndan geçen käbir rus sportsmenleriniň bitarap uniformada ýaryşa gatnaşmaklaryna rugsat berlip bilinjekdigini mälim etdi.

Orsýetde döwlet hemaýatyndaky doping aýyplamalaryny derňeýän Şwesiýanyň ozalky prezidenti Samuel Şmidiň baştutanlygyndaky toparyň gelen netijelerini we rekomendasiýalaryny göz öňünde tutup, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary şeýle karara geldiler.

Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň 2016-njy ýylda taýýarlan hasabatynda Orsýetde dürli olimpiýa sport ugurlary boýunça döwletiň hemaýat etmeginde amala aşyrylan doping çäreleriniň giň möçberli subutnamalarynyň tapylandygy aýdylýar.

Şeýle-de, WADA 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda pozitiw peşew analizleriniň arassalar bilen çalşyrylmagynda we olaryň ýaşyrylmagynda rus howpsuzlyk gulluklarynyň gatyşygyny anyklady.

‘Sistemalaýyn manipulýasiýa’

Halkara Olimpiýa komiteti Şmidiň hasabatynyň “Orsýetdäki doinge garşy düzgünleriň we ulgamlaryň sistemalaýyn manipulýasiýa edilendigini” tassyklandygyny aýdýar.

Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah jeza çäreleriniň Orsýetiň “ozal görlüp-eşidilmedik derejede Olimpiýa Oýunlarynyň we sportuň arassalygyna hüjüm etmegine” jogap hökmünde bolandygyny aýtdy.

Täzeligiň peýda bolmagynyň yz ýany Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa özüniň Facebook sahypasynda Orsýetiň bu zatlara erjellik we tutanýerlilik bilen döz geljekdigini aýtdy. Ol: “Bizi hiç zat asla ýeňip bilmez. Ne jahan urşy, ne Sowet Soýuzynyň dargamagy, ne-de sanksiýalar. Biz bulara döz geleris!” diýdi.

‘Subut edilen korrupsiýa’

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we beýleki rus resmileri öz sportsmenleriniň doping ulanmagyna döwletiň gatnaşmagy barada öňe sürülýän maglumatlary ret edýärler. Bu ýagdaý Orsýetiň onlarça sportsmeniniň soňky iki ýylda sport çärelerinden çetleşdirilmegine getirdi.

5-nji dekabrda gadagançylygyň girizilýändigi baradaky täzelik bilen bilelikde çap edilen Şmidiň hasabatynda “topar döwletiň ýokary häkimiýetiniň bu ulgamdan habarlydygyny tassyklaýan dokumentleşdirilen, garaşsyz we bitarap subutnamalara duş gelmedi” diýilýär.

Mundan ozal birnäçe döwletiň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy gadagan edilipdi, ýöne 5-nji dekabrda alnan karar doping sebäpli bir milli Olimpiýa toparyna girizilen ilkinji gadagançylykdyr.

5-nji dekabrda Halkara Olimpiýa komiteti Orsýete garşy başga-da birnäçe jeza çärelerini girizdi; Orsýetiň ozalky sport ministri, häzirki ministriň orunbasary Witaliý Mutka Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklyk ömürlik gadagan edildi. Mutko dessine reaksiýa görkezmedi.

Halkara Olimpiýa komiteti Žukowyň Olimpiýa komitetine agzalygyny ýatyrdy.

Orsýetiň gyşky-oýunlar federasiýalarynyň başlyklary soňky alnan karar boýunça gahar-gazaplaryny beýan etdiler. Käbir rus kanun çykaryjylary Olimpiýa oýunlaryny boýkot etmäge çagyrdy.

“Bu örän kemsidiji we göwne degiji. Muny hiç zat bilen düşündirip bolmaz” diýip, Orsýetiň buzda typmak boýunça bileleşiginiň prezidenti Alekseý Krawtsow “R-Sport” habar agentligine aýtdy.

Orsýetiň Bobsleý federasiýasynyň prezidenti Aleksandr Zubkow rus kanalynda eden çykyşynda, Halkara Olimpiýa komitetiniň gelen karary “masgaraçylyk” diýdi.

Orsýetiň Erkin-stil boýunça federasiýasynyň prezidenti Alekseý Kuraşow: “Olimpiýa hereketi özüni abraýdan gaçyrdy, munuň düýpli netijeleri bolar” diýdi.

Orsýetiň döwlet tele kanaly “VGTRK” Pýongçangda geçiriljek Gyşky Oýunlary efire bermez diýip, Orsýetiň “Interfaks” täzelikler gullugy habar berdi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň kararynyň öňýany Kreml “olimpizme ygrarly galýandygyny” aýdyp, boýkot çärelerine ýol bermejekdigini mälim etdi. Ýöne Putin orsýetlileriň öz milli baýdaklarynyň astynda ýaryşlara gatnaşyp bilmezligi “kemsidiji” bolup biler diýdi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Bah Kremli boýkotdan dändirmek üçin çykyş etdi: “Olimpiki boýkot bilen asla hiç zat gazanyp bolmaz. Orsýetli sportsmenleriň boýkot etmegi üçin hiç hili esas ýok, sebäbi biz ol ýere diňe arassa atletleriň gatnaşmaklaryna rugsat berýäris” diýip, Bah aýtdy.

Moskwa öz syryny paş edenleri aýyplaýar

Orsýetli prokurorlar doping skandallary boýunça, esasan, Moskwanyň derman-barlaglary laboratoriýasynyň ozalky başlygy Grigoriý Rodçenkowy aýyplaýarlar.

Rodçenkow häkimiýetleriň aýybyny açyp syrlaryny paş etdi we soňra Birleşen Ştatlara gaçyp bardy. Ol o ýerde bukulyp ýaşaýar. Geçen hepde Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň doping syrlaryny dünýä äşgär etmekde Rodçenkowyň “dogruçyllyk edendigini” aýtdy.

5-nji dekabrda Lozanda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Şmid öz hasabatynyň “diňe Grigoriý Rodçenkowyň şaýatlygyna esaslanmandygyny” mälim etdi.

“Ol ýerde ylmy subutnamalar, şaýat beýannamalary, resminamalar we hat alyşmalar bar” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG