Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň geňeşçisi Orsýete garşy sanksiýalary ýatyrmaga taýýar bolupdy diýilýär


Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Maýkl Flynn, Waşington, 1-nji dekabr, 2017
Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Maýkl Flynn, Waşington, 1-nji dekabr, 2017

Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Maýkl Flynn ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň döwlet başyna geçiş dabarasynda eden çykyşynda, Orsýet bilen ýadro energiýasy boýunça proýektleriň sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edýändigini we munuň “edilmeginiň gowudygyny” aýtdy diýip, ABŞ-nyň kanun çykaryjysy ady agzalmadyk şaýada salgylanmak bilen habar berdi.

Ady görkezilmedik şaýatyň bu çykyşyny Wekiller öýüniň hökümet reformalary boýunça komitetiniň agzasy demokrat Elijah Kummings 6-njy dekabrda mälim etdi.

Kummingsyň aýtmagyna görä, bu maglumatlar Flynnyň Trampyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi wezipesinde ABŞ-nyň Orsýete garşy sanksiýalaryny ýatyrmak arkaly ýadro proýektlere goldaw bermekçi bolandygy barada howatyrlanma döredýär.

Geçen hepdede Flynnyň Federal derňew býurosyna (FBI) galp görkezme bermekde günäli tapylandygy we häzirki wagtda onuň Trampyň saýlaw kampaniýasynyň we Orsýetiň arasynda güman edilýän arabaglanyşyk boýunça derňew geçirýän ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Mueller bilen esasy şaýat hökmünde işleşýändigi habar berildi.

Kummingsyň 6-njy dekabrda mälim eden maglumatyna görä, Flynnyň 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen inaugurasiýa dabarasyna gatnaşanda eden çykyşynyň mazmunyny onuň ýarany şaýada beripdir.

XS
SM
MD
LG