Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Tillerson we Lawrow “ýüzbe-ýüz” duşuşyk geçirerler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç)

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 7-nji dekabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ýyllyk maslahatynyň çäginde “ýüzbe-ýüz” duşuşyp, Ukrainadaky konflikt barada gepleşik geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Orsýetiň we ABŞ-nyň resmileriniň BMG-niň ýaragly parahatçylygy döredijileriniň gündogar Ukraina iberilmegi baradaky teklip boýunça gapma-garşy garaýyşlary barada pikir alyşmagyna garaşylýar. BMG-niň parahatçylygy dörediji güýçleriniň gündogar Ukrainada ÝHHG-niň ýaragsyz gözegçilerini goramak üçin iberiljegi aýdylýar.

Moskwa we Waşington BMG-niň ibermäge teklip edilen güýçleriniň ygtyýarlygynyň üstünde ylalaşmaýarlar.

ABŞ BMG-niň parahatçylygy dörediji güýçleriniň orsýetçi separatistleri ýaragsyzlandyrmak ygtyýaryna eýe bolmagyny isleýär.

XS
SM
MD
LG