Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň ýarag şertnamasyny bozmak aýyplamasyny ret edýär


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Orsýet Birleşen Ştatlaryň Moskwa Sowuk uruş döwrüniň möhüm ýaraglar şertnamasynyň düzgünlerini bozmakda bildiren aýyplamasyna gaýtawul berdi.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 9-njy dekabrda beýanat çap edip, “bu aýyplamalar düýpden esassyz” diýdi.

Bu beýanat Birleşen Ştatlar rus raketasynyň üstünde barýan çekişmäniň ýokarlanmagyna jogap edip,Moskwa garşy harby we ykdysady çäreleri görjekdigini aýdanyndan soň edildi. Waşington ol raketanyň orta aralyga ýetýän ýadro ýaraglary şertnamasyny (INF) bozýandygyny öňe sürýär.

Döwlet departamentiniň bu bellikleri Donald Trampyň adminstrasiýasynyň 30 ýaşly şertnama üstündäki dawa has oýlanyşykly çemeleşjekdigini yşarat edýär.

Birleşen Ştatlar Orsýeti bu şertnamany bozýan raketa edinmekde ilkinji gezek resmi taýdan 2014-nji ýylda aýyplady, ýogsa aňtaw ekspertleri bu sistemanyň üstünde işlenilýändigini ondan birnäçe ýyl öň aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG