Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain oppozisiýasy Saakaşwiliniň boşadylmagyny talap edýär


Müňlerçe adam ukrain paýtagty Kiýewde demonstrasiýa çykdy.

Müňlerçe adam ukrain paýtagty Kiýewde demonstrasiýa çykyp, oppozisiýa lideri Mihail Saakaşwiliniň tussaghanadan azat edilmegine, prezident Petro Poroşenkonyň iş başyndan çetleşdirilmegine ýa-da onuň özüniň işden çekilmegine çagyrdylar.

Demonstrasiýaçylar 10-njy dekabrda Kiýewiň Şewçenko parkynda ýygnanyp, soňra merkezi Kiýewiň içi bilen Garaşsyzlyk skwerine – 2013-14-nji ýyllarda ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çetleşdirilmegine getiren protest meýdanyna tarap ýöriş etdiler.

Içeri işer ministrligi bu proteste2,500 çemesi adamyň gatnaşandygyny aýtdy, olar baş prokuror Ýuriý Lutsenkonyň işden çekilmegine çagyrdylar.

Saakaşwiliniň goldawçylary “Täze güýçler” hereketiniň lideriniň Kiýewiň merkezinde tussagda saklanylýan ýeriniň daş işiginde toplandylar.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti M.Saakaşwili 8-nji dekabrda, Ýanukowiç tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän jenaýatçy topar bilen ilteşiklilikde güman edilip tussag edildi. Saakaşwili bu aýyplamalary ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG