Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek kararyna Ýewropa ýurtlarynyň hem eýerjegine özüniň garaşýandygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Brusselde geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda 11-nji dekabrda eden çykyşynda Netanýahu ABŞ-nyň hereketiniň Ýakyn Gündogarda “parahatçylygy mümkin edýändigini” aýtdy.
Munuň öňüsyrasynda ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini guramanyň Iýeusalim boýunça “halkara konsensusy” ykrar etmegini dowam etdirjegini aýtdy.
“Biz Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda ýeke-täk realistik çykalganyň Iýerusalimiň iki ýurduň paýtagty bolmagyna esaslanýandygyna ynanýarys” diýip, Mogerini aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen hepdede yglan eden karary bilen dawaly Iýerusalim şäherini Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edip, ABŞ-nyň onlarça ýyllaryň dowamynda alyp baran syýasatynyň ugruny üýtgetdi. Bu karar ABŞ-nyň Ýewropadaky we Ýakyn Gündogardaky ýaranlary tarapyndan tankyt edildi.