Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Dünýäde ykdysady ösüş 2017-nji ýylda 3% ýokarlandy


Orsýetiň ykdysadyýetine nebitiň global derejedäki bahasynyň ösüp başlamagy täsir ýetirdi
Orsýetiň ykdysadyýetine nebitiň global derejedäki bahasynyň ösüp başlamagy täsir ýetirdi

Dünýäde ykdysady ösüş şu ýyl 3% ýokarlanyp, 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijä ýetdi, muňa Orsýetiň, Braziliýanyň, Argentinanyň we Nigeriýanyň ykdysady çökgünlikden çykyp başlamagy täsir ýetirdi diýip, BMG mälim etdi.

BMG-niň global ösüş boýunça 11-nji dekabrda çap eden ýyllyk hasabatyna görä, ösüş Hytaýyň we beýleki Aziýa ýurtlarynyň dowamly görkezijileriniň hasabyna emele gelýär, emma ykdysady çökgünliligi başdan geçirýän Orsýetiň we beýleki ösýän uly ýurtlaryň ýagdaýynyň gowulanmagy global ösüşiň üçden bir bölegini emele getirýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we sosial meseleler boýunça orunbasary Liu Zhenim ösüş bilen bagly öňegidişligi “has sagdyn ykdysadyýetiň makullanýan alamaty” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň nebit girdejisine bagly ykdysadyýetine nebitiň 2014-nji ýylda aşa pese gaçan global nyrhlarynyň ösüp başlamagy täsir ýetirdi. 11-nji dekabrda Brent premium çyg nebitiň bahasy Londonda 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi we onuň bir bareli 65 dollara satyldy.

XS
SM
MD
LG