Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň Olimpiýa komiteti gadagançylyga garamazdan, öz sportsmenlerine ak pata berdi


Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Aleksandr Žukow, Moskwa, 12-nji dekabr, 2017

Orsýetiň Olimpiýa komiteti ýurduň gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna doping bilen bagly girizilen halkara gadagançylygyna garamazdan, öz sportsmenlerine ak pata berdi.

Orsýetiň Olimpiýa komiteti 12-nji dekabrda duşuşyk geçirip, Günorta Koreýanyň Pyeongçang şäherinde geçirijek Olimpiada boýunça öz pozisiýasyny ara alyp maslahat etdi.

Munuň öňüsyrasynda Halkara Olimpiýa komiteti 9-25-nji fewralda geçiriljek olimpik oýunlaryna Orsýetiň gatnaşmagyny gadagan etdi we Orsýetiň dopinge garşy düzgünleri “öň görlüp-eşidilmedik derejede manipulýasiýa” etmeginiň subutnamalaryny öňe sürdi.

Emma Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň sportsmenleriniň Olimpiadanyň baýdagy bilen çykyş etmegine mümkinçilik berdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Orsýetiň Olimpiýa komitetine goldaw bildirýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG