Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ‘dünýä Gündogar Iýerusalimi Palestinanyň paýtagty diýip ykrar etmeli’ diýýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan

Musulman milletler bütin dünýä Gündogar Iýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde ykrar etmegi üçin basyş etmeli diýip, Türkiýe ABŞ-nyň bu şäheri Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmegine jogap hökmünde, çarşenbe güni başlan yslam sammitinde çagyryş etdi.

50-den gowrak musulman döwletiň liderleri we ministrleriniň gatnaşmagyndaky bu ýygnak ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Iýerusalim barada eden çykyşyndan bir hepde geçensoň geçirilýär. Trampyň çykyşy Ýakyn Gündogarda we musulman dünýäsinde giň protestleriň döremegine getiripdi.

“Birinjilik bilen, beýleki ähli ýurtlar Palestinany döwlet hökmünde ykrar etmeli. Biziň hemmämiz muny gazanmaga çalyşmaly” diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly aýtdy.

“Biz beýleki döwletlere 1967-nji ýyldaky araçäkleriniň esasyndaky palestin döwletini ykrar etdirmeli, onuň paýtagty diýibem Gündogar Iýerusalimi kabul etdirmeli” diýip, ol aýtdy.

Iýerusalimi ýewreýler, hristiýanlar we musulmanlar keramatly hasaplap zyýarat edýärler we bu şäher on ýyllyklaryň dowamyndaky ysraýyl-palestin konfliktiniň özenini emele getirip gelýär.

Türkiýe Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek boýunça alan karary “dünýäni gutarmaýan oduň içine salar” diýdi we Waşingtona duýduryş bermek üçin, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň adatdan daşary ýygnagyny geçirmäge çagyrdy.

Çawuşogly Türkiýäniň ABŞ-nyň edýän hereketine garşy sanksiýa girizmäge çagyryş etmejekdigini aýtdy, ýöne Palestinany döwlet hökmünde kabul etmedik ýurtlardan muny ykrar etmegi sorap, olara ýüzlenjekdigini we ABŞ-nyň kararyny güýçli ret etmäge çagyrjakdygyny aýtdy.

Ol sammitiň dowamynda Gündogar Iýerusalimiň Palestinanyň paýtagty diýlip jar ediljekdigini we Ysraýyla onuň 1967-nji ýyldaky Ýakyn Gündogar urşunda basyp alan territoriýalaryndan çekilmäge çagyryş ediljekdigini aýtdy. Ysraýyl Gündogar Iýerusalimiň arap bölegini basyp alyp, ony soňlugy bilen anneksiýa edipdi. Ysraýylyň bu hereketi halkara derejesinde ykrar edilmändi.

Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbas hem sammitde çykyş eder. Sammite Eýranyň prezidenti Hassan Ruhani we Sudanyň prezidenti Omar al-Başir ýaly liderler hem gatnaşýar.

Sudanyň Darfur welaýatynda edilen genosid we beýleki baş goşan uruş jenaýatlary sebäpli Halkara Jenaýat sudy Başiri tussag etmeli diýip karar çykardy. Ýöne Türkiýe bu suduň agzasy däl we şol sebäpden onuň çykaran kararlaryny berjaý etmäge mejbur däl.

Trampyň administrasiýasy Ysraýyl bilen palestinleriň arasynda parahatçylygy ornaşdyrmaga ygrarly galýandygyny aýdýar we soňky alnan karar Iýerusalimiň geljekgi çäklerine ýa-da onuň statusyna täsir etmez diýýär.

Şeýle-de, ol islendik degerli ylalaşygyň netijesinde Iýerusalim Ysraýylyň paýtagty bolup biler diýýär we köne syýasaty agtarmak 2014-nji ýylda doňdurylan parahatçylyk prosesini täzeden galkyndyrmak üçin zerur diýýär.

XS
SM
MD
LG