Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MSF: Birmada bir aýda 6700 rohingýa musulmany wepat boldy


Bagladeşe bosup çykýan rohingya musulmanlary, Mýananyň Bangladeş bilen serhedi (Cox's Bazar), 1-nji noýabr, 2017.
Bagladeşe bosup çykýan rohingya musulmanlary, Mýananyň Bangladeş bilen serhedi (Cox's Bazar), 1-nji noýabr, 2017.

Serhetsiz lukmanlar guramasy (MSF) Birmada awgustda başlanan zorluklaryň birinj aýynda azyndan 6700 rohingýa musulmanyň wepat bolandygyny aýdýar.

Ženewada ýerleşýän ýardam beriji guramanyň 12-nji dekabrda çap eden beýanatynda 25-nji awgustyň we 24-nji sentýabryň aralygynda Birmada 9000 rohingya musulmanyň wepat bolandygynyň hasaplanandygy aýdylýar.

“Örän umumy hasapdan” zorluklar zerarly azyndan 6700 adamyň wepat bolandygy hasaplandy, olaryň arasynda bäş ýaşyna ýetmedik 730 çaga diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bangladeşdäki bosgunlaryň arasynda geçirilen barlaglara esaslanylan bu san Birmanyň häkimiýetleriniň görkezen sanyndan has ýokary. Häkimiýetler wepat bolanlaryň sanyny 400 çemesi adam diýip gökezipdi.

MSF zorluklar zerarly heläk bolanlaryň 69%-niň okdan ölendigini belleýär.

Birmadaky zorluklar howpsuzlyk güýçleriniň we ýerli ýaragly toparlaryň buddistleriň köplük bolup ýaşaýan Rakhine regionynda rohingya söweşijileriniň hüjüminiň yzýany harby çäreleri amala aşyrmagynyň yzýany başlandy.

Tomsuň aýagyndan bäri 626000 rohingya musulmany goňşy Bangladeşe bosup çykdy.

XS
SM
MD
LG