Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi: Eýran barada ‘ýalana çykaryp bolmajak subutnamalar bar’


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haley
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haley

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý 14-nji dekabrda geçirjek metbugat ýygnagynda, Eýranyň öz halkara borçnamalaryny bozandygy dogrusynda “ýalana çykaryp bolmajak subutnamalary” jemgyýetçilige hödürlär diýip, ABŞ-nyň BMG-däki missiýasy aýtdy.

Missiýa Haleý metbugat ýygnagynyň dowamynda, Eýranyň Ýakyn Gündogardaky we dünýäniň beýleki ýerlerindäki durnuksyzlaşdyrjy herketleri barada çykyş eder diýýär.

Birleşen Ştatlary we Saud Arabystany Eýrany iýul we noýabr aýlarynda Ýemenden Saud Arabystanyna raketa atan Husi gozgalaňçylaryny ýarag bilen üpjün etmekde aýyplaýar.

Haleý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini Eýranyň Ýemen, Liwan we Siriýa ýaly ýaranlary bilen bikanun ýarag söwdasyny etmegine garşy has berk çäreleri görmäge çagyrdy.

“Ilçi Haleý Eýranyň öz halkara borçnamalaryny bilkastlaýyn bozandygyny we bu kanunbozmalaryny ýaşyrmaga synanyşýayndygyny, ýöne muny başarmandygyny görkezýän jedelsiz subutnamalary jemgyýetçilige ýetirer” diýip, missiýa habar berdi.

Haleýiň çykyşy BMG-niň şu ýyl ýemenli gozgalaňçylaryň Saud Arabystanyna atan raketasyny Eýranyň üpjün edendigi boýunça alyp barýan netijelenmedik derňewleri barada habarlaryň peýda bolýan wagtyna gabat geldi.

BMG-niň resmileri atylan raketanyň galyndy böleklerini eskpertiza barlagyndan geçirip, olaryň “gelip çykyşy boýunça birmeňzeş ýerden” üpjün edilendigini görkezýan alamatlaryň bardygygy aýdýarlar, ýöne raketlaryň anyk Eýrandan üpjün edilendigini görkezýän alamatlaryň ýokdugyny belleýärler diýip, Associated Press we Agence France-Press habar agentlikleri habar berdi.

AP we AFP habar agentlikleri BMG-niň baş sekretary Antoniýu Guterrişiň agzalýan derňew boýunça guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň dykgatyna ýetiren gizlin hasabatyny ele geçirendiklerini aýdýarlar.

Geçen aý Riýada sapar edip raketanyň galyndy böleklerini barlan BMG-niň aýrybaşga ekspertler topary ýaraglaryň Eýranyň “Şahid Bageri Industrial Group” atly kärhanasynda öndürilen bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar diýip, AFP habar berýär. Agzalýan öndüriji BMG-niň sanksiýa sanawyna girizlipdi.

BMG-niň sanksiýalar boýunça komitetine hasabat berýän ekspertler galyndylarda tapylan emblemanyň eýranly kärhananyň emblemasyna meňzeýändigini, agzalýan kärhananyň Eýranyň Howgiňişligi senagaty guramasynyň şahamçasydygyny aýdýarlar diýip, AFP habar berdi.

Guterrişiň öz hasabatynda ikinji derňew toparyň emblemany görendigini, ýöne olaryň maglumatlary barlaýandygyny we entek belli bir netijä gelmändiklerini aýdandygy habar berilýär.

Guterrişiň hasabatynda Eýranyň 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygyny bozýan bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar diýip, AP habar berdi. Ylalaşygyň talaplaryna laýyklykda güýçli döwletler Eýrany ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply ballistik raketalary öndürmegi bes etmäge çagyrypdy.

AP-niň habar bermegine görä, Guterriş öz hasabatynda Eýranyň raketalar boýunça alyp barýan işleri ýadro ylalaşygynyň hökmany bolmadyk maddalaryna ters gelýän bolmagy mümkin, ýöne umumylykda alanyňda, Eýran şertnamanyň talaplaryny berjaý edýär diýipdir. Gürrüňi edilýän ýadro ylalaşygynyň esasynda Eýrana garşy girizilen sanksiýalar gowşadylyp, ondan öz ýadro hereketlerini togtatmak talap edilipdi.

XS
SM
MD
LG