Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peterburgyň metrosynda bolan partlama gatnaşykda güman edilýänleriň kakasy orsýet raýatlygyndan mahrum edildi


Ahral Azimow
Ahral Azimow

Sankt Peterburgda adam heläkçilikli bomba partlamasyny amala aşyrmakda güman edilýän iki adamyň kakasy Orsýetiň raýatlygyndan mahrum edildi, ol Gyrgyzystana deportasiýa ediler diýlip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

Ministrligiň metbugat-wekili Aýmkan Kulukeýewanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň günorta Oş regionyndan gelip çykan etnik özbek Ahral Azimow Orsýetiň häkimiýetleriniň kararyndan habarly edildi we oňa Orsýeti mümkin boldugyndan gyssagly terk etmek tabşyryldy.

Azimowda Gyrgyzystanyň pasportunyň hem bolmagy sebäpli ol Gyrgyzystana dolanyp biler diýip, Kulukeýewa aýtdy. Ol Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Azimowy Moskwada tussag edendigi barada berlen ozalky maglumatlary ret etdi.

Azimowyň iki ogly Abror we Akram hem Orsýetiň raýatlary. Olar 3-nji aprelde Sankt Peterburgyň metrosynda 16 adamyň ölümine getiren bomba partlamasy bilen baglanyşykda tussag edilen ençeme merkezi aziýalylaryň arasynda ele salyndy.

Derňewçiler partlamany amala aşyran janyndan geçen hüjümçiniň Gyrgyzystanda doglan etnik özbek Akbarjon Jalilowdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG